Hytaý dünýäde Aýyň arka tarapyndan toprak nusgalaryny getiren ilkinji ýurt boldy. Hytaýyň Aý barlaglary boýunça “Chang’e-6” moduly 25-nji iýunda Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitine gondy. Modulyň gonuşynyň wideosy Hytaýyň CGTN teleýaýlymy arkaly görkezildi.

Wençan hemra uçuryş merkezinden 3-nji maýda başlanan bu missiýa 53 gün dowam etdi. “Chang’e 6” 2-nji iýunda Aýyň arka tarapynda ýerleşýän Günorta polýusyň golaýyndaky “Apollon” kraterine gonup,  toprak nusgalaryny ýygnady we 4-nji iýunda yzyna dolandy.

“Chang’e-6”, “Chang’e-5” missiýasynyň dowamy bolup, 2020-nji ýylyň dekabrynda 1976-njy ýyldan bäri ilkinji gezek Aýyň görünýän ýerinden toprak nusgalaryny Ýere getirdi. Hytaýdan öň diňe ABŞ we SSSR Aý topragyny Ýere getiripdi.

Alymlaryň pikiriçe, Aýyň arka tarapyndaky toprak nusgalary Aýyň geologik taryhyna we onuň ewolýusiýasyna has gowy düşünmäge kömek eder. Nusgalaryň seljermesi iki tarapyň arasyndaky tapawutlara haýsy prosesleriň sebäp bolandygy baradaky soraga jogap tapmaga kömek eder diýip, “Associated Press” ýazýar. Aýda mundan beýläk-de barlaglary dowam etdirmek, şeýle hem Aýa ilkinji dolandyrylýan uçuşa taýynlyk görmek maksady bilen Hytaýyň Aý maksatnamasy işjeň ösdürilýär.