13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­lyň Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ge­çen ýyl tür­ki dün­ýä­niň III ki­no­fes­ti­wa­lyn­da Türk­me­nis­ta­na «Gor­kut ata» ki­no­fes­ti­wa­ly­ny ge­çir­mek no­ba­ty­nyň ny­şa­ny bo­lan «Dur­na» heý­kel­ji­gi gow­şu­ry­lyp­dy.
Ki­no­fes­ti­wa­lyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry we myh­man­la­ry, tür­ki döw­let­le­riň akt­ýor­la­ry, re­žiss­ýor­la­ry, ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar. Däp bol­şy ýa­ly, gy­zyl ha­ly dü­şe­len ýo­da­jyk­dan bäs­le­şi­gi­ň emin­le­ri, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Baş­gyr­dys­tan, Ty­wa, Çu­waş Res­pub­li­ka­la­ry­nyň, Mol­do­wa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Öz­be­gis­ta­nyň hem-de ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýet ag­za­la­ry ýö­räp geç­di­ler.
Mu­kam­lar köş­gü­niň baý­ram­çy­lyk ähe­ňin­de be­ze­len eý­wa­nyn­da türk­men ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­sy­nyň ta­ry­hyn­dan söz aç­ýan ser­gi ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ren halk aý­dym-saz­la­ry da­ba­ra mil­li öwüş­gin çaý­dy. Ki­no­fes­ti­wal Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Baş aka­de­mi­ki dra­ma te­at­ry­nyň ar­tist­le­ri­niň we ýur­du­my­zyň tans to­par­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de «Türk­men dün­ýä­si» at­ly ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa bi­len açyl­dy.
Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry Sul­tan Ra­ýew gut­lag sö­zün­de gu­ra­ma­nyň bu ki­no­fes­ti­wal ar­ka­ly tür­ki dün­ýä­niň gym­mat­lyk­la­ry­ny tu­tuş Ýer ýü­zü­ne gör­kez­mä­ge, bu ul­gam­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de fes­ti­wa­lyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýü­rek­den ho­şal­ly­gy­ny be­ýan et­di.
Soň­ra mil­li ly­bas­ly og­lan «Dur­na» heý­kel­ji­gi­ni ge­tir­ýär. Türk­me­nis­tan şu ýyl bu göç­me ny­şa­ny Ga­za­gys­ta­na ge­çir­ýär. Soň­ra myh­man­lar çe­per we do­ku­men­tal film­le­re ba­ha ber­ýän emin­ler to­pa­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy.
Me­de­ni dia­lo­gyň esa­sy we­zi­pe­si me­de­ni­ýet­le­riň ara­syn­da­ky top­lum­la­ýyn, köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak­dan, tür­ki halk­la­ryň baý me­de­ni ta­ry­hy mi­ra­sy­ny, sun­gat­da, ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek­den, dö­re­di­ji­lik gat­na­şyk­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mek­den yba­rat­dyr.
«Meň­li» we «Aş­ga­bat» to­par­la­ry­nyň çy­ky­şy mil­li däp-des­sur­la­ry wa­gyz ed­ýän aý­dym-saz­lar bi­len ut­ga­şyp, ne­sil­le­riň do­wa­mat­ly­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy. Türk­men ki­no­film­le­rin­dä­ki aý­dym­lar ki­no sun­ga­ty­nyň bu giň ge­rim­li çä­re­si­ne aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy. Soň­ra «Gor­kut ata» ki­no­fes­ti­wa­ly­na gat­naş­ýan çe­per, do­ku­men­tal film­ler bi­len ta­nyş­dyr­ýan gys­ga gör­nüş­li wi­deo­ro­lik­le­r gör­ke­zi­ldi. Şeý­le-de fes­ti­wa­la gat­na­şy­jy­lar Oguzhan adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň su­ra­ta dü­şü­ren film­le­ri ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat ber­ýän wi­deo­şe­kil­le­re to­ma­şa et­di­ler. To­ma­şa­çy­lar umu­ma­dam­zat me­de­ni mi­ra­sy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lan «küşt­dep­di» tan­sy­ny ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Mi­ras» folk­lor to­pa­ry­nyň çy­ky­şy­ny şow­hun­ly el çar­pyş­ma­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar.
Üç gü­nüň do­wa­myn­da to­ma­şa­çy­lar köp­çü­li­gi­ne paý­tag­ty­myz­da­ky «Aş­ga­bat» ki­no­te­at­ryn­da, «Wa­tan», «Türk­me­nis­tan» ki­no­kon­sert mer­kez­le­rin­de ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­la­ryň ki­no us­sat­la­ry ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len film­ler gör­ke­zil­ýär. Ki­no­fes­ti­wa­lyň mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­ly ki­ne­ma­tog­raf­la­ryň we ar­tist­le­riň Türk­men döw­let me­de­ni­ýet ins­ti­tu­ty­nyň ta­lyp­la­ry üçin us­sat­lyk sa­pak­la­ry ge­çir­di­ler. Mun­dan baş­ga-da, «Aş­ga­bat» myh­man­ha­na­syn­da TÜRK­SOÝ-a ag­za ýurt­la­ryň ki­ne­ma­tog­raf­la­ry­nyň du­şu­şy­gy bol­dy.
Şeý­le­lik­de, sun­ga­tyň güý­ji kalp­la­ry bir­leş­dir­ýän gud­ra­ta öw­rül­ýär. «Gor­kut ata» hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­jek çä­re­ler bol­sa halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost-do­gan­ly­gy mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­ma­ga, me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge go­şant go­şar.