Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmekde alnyp barylýan işler dünýä ylmynyň ösüşine itergi berýär. Bu ugurda amal edilýän işler Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde has-da uly wezipeleri goýýar. Bu işler beýik Pyragynyň edebi däplerine eýerenleriň döredijiligini öwrenmegiň möhümdigini hem kesgitleýär.

Mag­tym­gu­ly­nyň dö­re­di­ji­li­gi tü­ke­nik­siz şy­pa ber­ýän, dün­ýä ma­ny­sy­ny saç­ýan pa­ra­sat çeş­me­si­dir. Ol öl­mez-ýit­mez pi­kir­le­riň we asyl­ly, adam­kär­çi­lik­li duý­gu­la­ryň gen­ji-ha­zy­na­sy­dyr. Mag­tym­gu­ly en­çe­me ne­sil­le­riň ýü­rek­le­ri­ne or­naş­dy. Ýüz­ýyl­lyk­lar ge­çen­den soň hem akyl­dar şa­hy­ryň her bir sö­zi, oý-pi­ki­ri, se­tir­le­ri onuň iç­ki oý-pi­kir­le­ri­ni, ýü­re­gi­niň ur­gu­sy­ny, duý­gu­sy­ny, onuň ýü­rek tol­gun­ma­sy­ny bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li alyp gel­ýär. Mag­tym­gu­ly – dün­ýä ede­bi­ýa­tyn­da aja­ýyp bir dün­ýä.

Dün­ýä­niň bel­li şah­sy­ýet­le­ri­niň be­ýik türk­men şa­hy­ry­na hor­mat-sar­pa­sy çäk­siz­dir. Şeý­le be­lent şah­sy­ýet­ler Py­ra­gy­nyň öm­ri-dö­re­di­ji­li­gi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler. Ine, şo­nuň üçin hem 2024-nji ýy­lyň şy­ga­ry­nyň «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň aňyr­syn­da çuň­ňur ma­ny-maz­mun ýa­tyr. Bu ýyl­da bel­le­nil­ýän akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi di­ňe bir türk­men hal­ky üçin däl, eý­sem, bü­tin adam­zat üçin baý­ram­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy yl­myň, ede­bi­ýa­tyň, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň özün­den öň­ki ga­za­nan­la­ry­ny akyl ele­gin­den ge­çi­rip, dür­dä­ne eser­le­ri dö­ret­di. Be­ýik şa­hyr türk­men şyg­ry­ýe­ti­niň we türk­men di­li­niň ta­ry­hyn­da uly öz­ge­riş­lik­le­riň ba­şy­ny baş­la­dy. Onuň umu­ma­dam­zat me­de­ni-ru­hy ha­zy­na­sy­na gi­ren şy­gyr­la­ry bu gün dün­ýä dil­le­ri­niň kö­pü­sin­de ýaň­lan­ýar» di­ýip, pa­ra­sat­ly­lyk bi­len bel­läp geç­ýär.

Ha­ky­kat­dan-da, öz ýa­şan döw­rü­ni aja­ýyp şy­gyr­la­ry­nyň üs­ti bi­len be­ýan eden Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy di­ňe bir öz döw­rü­niň şa­hy­ry bol­man, eý­sem, äh­li dö­wür­le­riň şa­hy­ry­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ter­bi­ýe­çi­lik, ah­lak, adam­kär­çi­lik, yn­san­per­wer­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ba­ra­da­ky şy­gyr­la­ry hä­zir­ki aja­ýyp, bag­ty­ýar döw­rü­miz­de hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň wa­tan­çy­lyk ba­ra­da­ky goş­gu­la­ry ýaş nes­li wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de gym­mat­ly çeş­me­dir.

Şa­hy­ryň wa­tan­çy­lyk te­ma­syn­da­ky goş­gu­la­ry ata Wa­ta­ny­my­zy söý­me­gi, ony gö­zü­mi­ziň gö­re­ji de­ýin go­ra­ma­gy ün­de­ýär, Wa­ta­ny söý­mä­ge, dost-do­gan­ly­ga ça­gyr­ýar. Mag­tym­gu­ly bir sup­ra­nyň ba­şyn­da jem bol­nan­da türk­me­niň yk­ba­ly­nyň gö­te­ril­jek­di­gi­ni aý­dyp, bir döw­let bol­ma­gy ar­zuw eden akyl­dar şa­hyr­dyr. Şa­hy­ryň wa­tan­çy­lyk te­ma­syn­da ýa­zan beý­le­ki goş­gu­la­ry hem diý­seň gym­mat­ly ha­zy­na.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň il ag­zy­bir­li­gi, ýurt ber­ka­rar­ly­gy ba­ra­da eden ýü­rek ar­zuw­la­ry, kö­ňül is­leg­le­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de aý­dyň ha­ky­ka­ta öw­rül­di. Yn­san­la­ry ah­lak­ly­ly­ga, sag­dyn­ly­ga, yn­san­per­wer­li­ge, Wa­ta­ny söý­mä­ge, mert­li­ge ça­gyr­mak şa­hy­ryň şyg­ry­ýet dün­ýä­si­niň esa­sy­ny düz­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň pel­se­pe­wi, dur­mu­şy goş­gu­la­ry bu gün hal­kyň ýü­re­gin­de tä­ze joş­gun bi­len güýç­len­ýär, ýo­ka­ry ah­lak duý­gu­la­ry­ny oýar­ýar. Hut şo­nuň üçin akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na go­şu­lan dö­re­di­ji­li­gi­ne bo­lan sy­lag-sar­pa hem, gy­zyk­lan­ma hem bar­ha art­ýar.

Akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň köp­gy­raň­ly dö­re­di­ji­li­gi, ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýet­li dür­dä­ne se­tir­le­ri türk­men hal­ky üçin mu­kad­des­lik­le­riň naý­ba­şy­sy­dyr. Hut şo­nuň üçin çe­per sö­ze teş­ne hal­ky­myz sa­pa­ly döw­rü­mi­zi be­ýik ösüş­le­re bes­le­mek­de, ömür ýo­lu­ny ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dyr­mak­da, is­len­dik me­se­le­de dog­ry çöz­gü­di tap­mak­da şa­hy­ryň akyl-paý­ha­sy­ny ru­hy ýö­rel­ge edin­ýär.

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren baý hem-de gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny düýp­li öw­ren­mek we dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­re ba­dal­ga be­ril­me­gi da­na şa­hy­ryň şyg­ry­ýet äle­mi­ne tä­ze ýa­şaý­şy ba­gyş­la­dy.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dip ber­ýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ho­şal­ly­gy­my­zy bil­dir­ýä­ris. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň ja­nlary sag, ömürleri uzak bol­sun, döw­let­li iş­le­ri mun­dan beý­läk hem ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Kü­müş AL­LA­BA­ÝE­WA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.