Arabika kofesiniň 450 gramynyň bahasy 3 dollara çenli gymmatlap, 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri iň ýokary derejä ýetdi. Muňa Nýu-Ýork biržasyndaky söwda maglumatlary güwä geçýär. Maglumatlara görä, şu möwsüm gurakçylyklar sebäpli arabika kofesiniň önümçiligi peselipdir. Bu barada «Trading Economics» neşiri habar berdi. Bilermenleriň bellemegine görä, Braziliýada soňky ýagyşlara garamazdan, topragyň çyglylygy ýeterlik däl. Bu ýagdaý hasylyň ösüşine päsgelçilik berip, biler diýip belleýärler.
«StoneX» maslahat beriş guramasynyň barlaglaryna görä, 2025-2026-njy ýyllarda Braziliýada 60 kilogramlyk haltadan 65,6 million halta kofe öndüriler we bu öňki tapgyrdan 0,4 göterim pesdir. Maglumatlara görä, arabika kofesiniň hasylynyň her ýyl 10,5 göterim, ýagny 40 million halta çenli azalar.
Arzuw NAZAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.