Temmäkiniň adam saglygyna zyýany

5

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny or­naş­dyr­mak­da we wa­gyz-ne­si­hat et­mek­de, ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak­da, ýaş­la­ry sag­dyn ruh­da ter­bi­ýe­le­mek­de, tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek­de, ýur­du­my­zy tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek­de giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Yl­my bar­lag­lar tem­mä­ki tüs­se­si­niň dü­zü­min­de müň­ler­çe hi­mi­ki ji­sim­le­riň sak­la­nyp, ola­ryň ýüz­ler­çe­si­niň zä­her­li­di­gi­ni su­but ed­ýär. Tem­mä­ki di­ňe bir ony çek­ýän ada­ma däl, eý­sem, tö­we­re­gin­dä­ki adam­la­ra hem uly zy­ýan ýe­tir­ýär.
Tem­mä­ki­niň esa­sy zä­he­ri ni­ko­tin bo­lup, ol nerw awu­sy ha­sap­lan­ýar. Tem­mä­ki­den zä­her­len­mä­niň il­kin­ji ala­ma­ty baş aý­lan­ma­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len, çalt ýa­da­mak, gyz­mak­lyk, huş pe­sel­me, kel­lea­gy­ry, uku­syz­lyk ýa­ly new­roz ala­mat­la­ry ýü­ze çyk­ýar. Çi­lim ýü­re­ge we gan da­mar­la­ra ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär, olar çe­ýe­li­gi­ni ýi­ti­rip ga­ta­ýar we da­ral­ýar. Çi­lim çe­ki­len­de ýü­rek ur­şy güýç­len­ýär. Ýü­rek sag­dyn adam­da 1 mi­nut­da 70 sa­par ur­sa, çi­lim­keş­ler­de 80-90 ge­zek ur­ýar. Bu ýag­daýda, esa­san hem, ýü­re­gi gow­şak adam­la­ra kyn düş­ýär. Çi­lim­keş­le­riň ga­nyn­da kar­bok­si­ge­mog­lo­bin kö­pel­me­gi se­bäp­li ýü­rek myş­sa­sy­na kis­lo­rod gel­me­gi pe­sel­ýär. Ýü­rek­de gan aý­la­ny­şyk pe­sel­se, onuň ýag al­ma­gy güýç­len­ýär. Şeý­le­lik­de, çi­lim­keş­lik ate­rosk­le­ro­za ge­tir­ýär, ate­ros­kle­roz hem işe­mi­ýa ge­tir­ýär.
Çi­lim tüs­se­siniň aş­ga­za­nyň nem­li bar­da­sy­ny yzy­gi­der­li gy­jyn­dyr­ma­gy ne­ti­je­sin­de aş­ga­zan tur­şu­sy­ny köp bö­lüp çy­kar­ýar, bu bol­sa gast­rit ke­se­li­ne ge­tir­ýär. Eger çi­lim çek­me­ýän adam köp­lenç çi­lim çe­kil­ýän ýer­de bol­sa do­wam­ly aş­ga­zan-içe­ge ke­sel­le­ri­ne ge­ti­rip bi­ler. Çi­lim­keş­le­riň di­li­niň üs­tün­de ak ga­lyň gat­lak bo­lup, iý­mi­tiň ta­gam duý­ma­sy pe­sel­ýär. Tem­mä­ki nerw duý­gur­ly­gy­ny pe­seld­ýär.
Çi­lim­keş­le­riň bu­run boş­lu­gyn­da do­wam­ly so­wuk­la­ma yzy­gi­der­li bo­lup du­ran­soň, ys al­ma­sy pesel­ýär. Şeý­le hem gö­zi he­mi­şe gy­za­ryp ýa­şar­ýar, gö­zü­niň gör­şi, reňk saý­gar­ma­sy pe­sel­ýär. Çi­lim­keş­le­riň agyz-bu­run boş­lu­gy­nyň do­wam­ly so­wuk­la­ma­sy eşi­diş ag­za­la­ry­nyň işi­ni pe­seld­ýär.
Tem­mä­ki tüs­se­sin­dä­ki awu­ly ji­sim­ler we gu­rum bo­kur­da­gyň tra­he­ýa­nyň, bronhal­la­ryň nem­li bar­da­sy­ny gy­jyn­dy­ryp dür­li ke­sel­le­re ge­tir­ýär. Alym­lar çi­lim­keş­le­riň öý­ke­ni­niň iş­jeň­li­gi­niň gowşak de­re­je­de­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu bol­sa be­de­niň ýo­kanç ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şi­ji­li­gi­ni pe­seld­ýär.

Leýla Batyrowa,
Aşgabat şäher neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri.