Köp­rü­le­riň gur­lu­şy­gy has ir­ki ýyl­lar­dan göz­baş al­ýar. Neo­lit döw­rün­de Ang­li­ýa­nyň çä­gin­de ýa­şan adam­lar bat­ga­lyk­dan geç­mek üçin uzyn agaç köp­rü­le­ri gu­rup­dyr­lar. In­siz agaç köp­ri di­ňe bir ada­myň geç­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rip­dir. Bir­nä­çe py­ýa­da­nyň ýa-da at ara­ba­sy­nyň geç­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän iň ga­dy­my agaç köp­ri Şweý­sa­ri­ýa­da Sýu­rih kö­lü­niň üs­tün­de gu­rul­ýar. Rim im­pe­ri­ýa­sy döw­rün­de köp­rü­le­riň gur­lu­şy­gy ösüp, ini 6 met­re ýet­ýän uly agaç köp­rü­ler gur­lup baş­lan­ýar. Bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki XIII asy­ra de­giş­li Ar­ka­di­ko köp­rü­si iň ga­dy­my daş köp­ri ha­sap­lan­ýar. 1779-njy ýyl­da Ang­li­ýa­nyň Şrop­şir şä­he­rin­de gur­lan, Se­wern der­ýa­sy­ny ke­sip geç­ýän aý­law­ly köp­ri dün­ýä­dä­ki il­kin­ji de­mir köp­ri ha­sap­lan­ýar. De­mir­ köp­rü­le­riň gur­lup baş­lan­ma­gy bi­len, bu des­ga­la­ryň açy­lyp-ýa­pyl­ýan, as­ma gör­nüş­le­ri peý­da bol­ýar.

Dün­ýä­dä­ki iň meş­hur açy­lyp-ýa­pyl­ýan köp­ri Lon­don­da gu­rul­ýar. Şä­he­re meş­hur­lyk ge­ti­ren ny­şan­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Tauer köp­rü­si Tem­za der­ýa­sy­nyň gün­do­gar aky­myn­da ýer­leş­ýär. 1894-nji ýyl­da Tauer köp­rü­si­niň açyl­ma­gy bi­len, py­ýa­da­la­ra we aw­tou­lag­la­ra Tem­za der­ýa­sy­nyň üs­tün­den geç­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­ýär. Gur­lu­şy­gy 8 ýyl do­wam eden bu köp­ri­niň uzyn­ly­gy 244 metr bo­lup, sy­ýa­hat­çy­la­ryň iň köp su­ra­ta düş­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri­dir.
1800-nji ýyl­lar­da Lon­don­da köp­rü­le­riň sa­ny ar­typ baş­la­ýar. Şeý­le­lik­de, 1877-nji ýyl­da köp­rü­le­riň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça eda­ra dö­re­di­lip, 50-den gow­rak ar­hi­tek­tor we in­že­ner işe ka­bul edil­ýär. 1884-nji ýyl­da iň­lis ar­hi­tek­to­ry Ser Ho­ras Jon­suň hö­dür­län tas­la­ma­sy esa­syn­da 1886-njy ýyl­da Tauer köp­rü­si­niň gur­lu­şyk iş­le­ri­ne baş­lan­ýar. Iki sa­ny uly diň­den (mi­na­ra) yba­rat köp­ri­niň gur­lu­şyk iş­le­ri 1894-nji ýyl­da ta­mam­lan­ýar. Tauer köp­rü­si­niň gur­lu­şy­gyn­da 12 müň ton­na po­lat, 1200 ton­na de­mir ula­ny­lyp, port­land da­şy we kor­niş gra­ni­ti bi­len be­zel­ýär. Der­ýa­da­ky gä­mi gat­na­wy­na päs­gel ber­mez­lik üçin Tauer köp­rü­si açy­lyp-ýa­pyl­ýan (leň­ňer) gör­nüş­de gu­rul­ýar. 61 metr ara­lyk­da deň ikä bö­lü­nip, açy­lyp-ýa­pyl­ýan köp­ri iki mi­na­ra­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýär. Leň­ňer köp­ri­ni he­re­ke­te ge­tir­mek üçin elekt­ro­gid­raw­lik ul­gam ula­nyl­ýar. Her­si­niň ag­ra­my 1 müň ton­na­dan gow­rak bo­lan leň­ňer­ler 5 mi­nu­tyň do­wa­myn­da 86 de­re­jä çen­li ýo­ka­ry gö­te­ril­ýär. Köp­rü­de iki sa­ny döw­re­bap do­lan­dy­ryş ka­bi­na­sy bo­lup, ola­ryň bi­rin­ji­si gün­do­gar­da, ikin­ji­si gün­ba­tar ta­rap­da ýer­leş­ýär. Gä­mi gat­na­wy­nyň ug­ru­na bag­ly­lyk­da, ka­bi­na­da­ky gö­zeg­çi köp­ri­ni açyp ýap­ýar.
Tauer köp­rü­si Lon­don şä­he­ri­niň iki ta­ra­py­ny bir­leş­dir­ýän iň esa­sy ýol­la­ryň bi­ri bo­lup, aw­tou­lag ýo­ly bi­len bir ha­tar­da, py­ýa­da­lar üçin iki­ta­rap­la­ýyn ýo­da hem bar. Şeý­le hem «ekiz diň­le­ri» bir­leş­dir­ýän, da­şy me­tal bi­len ör­tü­len iki ugur­ly aý­na ge­çel­ge­ler bo­lup, sy­ýa­hat­çy­lar lift ar­ka­ly ýo­ka­ry ga­lyp, bu ýer­den şä­he­ri syn­lap bil­ýär­ler. Be­ýik­li­gi 65 metr bo­lan Tauer köp­rü­sin­de dynç alyn­ýan bi­na­lar, şeý­le hem ba­lyk we çip­si taý­ýar­la­nyl­ýan res­to­ran­lar bar. Mi­na­ra­la­ryň aşa­ky bö­le­gin­de ser­gi zal­la­ry bo­lup, bu ýer­de köp­ri­niň gur­lu­şy­gy ha­kyn­da­ky film­ler we su­rat­lar gör­ke­zil­ýär. Her gün açy­lyp-ýa­pyl­ýan köp­rü­den 40 müň­den gow­rak adam geç­ýär. Şä­her kor­po­ra­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 8 ton­na­dan az ag­ram­ly aw­tou­lag­la­ra sa­gat­da 32 ki­lo­metr tiz­lik bi­len he­re­ket et­mek şer­ti bi­len köp­rü­den geç­mä­ge rug­sat be­ril­ýär.