Mähriban çagalar, tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we peýdaly geçiren bolsaňyz gerek. Täze dostlar tutunansyňyz, oba gezelenje gidensiňiz, öý işlerine kömekleşensiňiz, sport bilen meşgullanansyňyz, gyzykly kitaplary okansyňyz, goşgulary hem ýat tutansyňyz. Ine, ýene-de täze okuw möwsümi başlanýar. Mekdep bazarlaryndan okuw lybaslaryny hem-de esbaplaryny satyn alyp, täze okuw ýylyna girişmek we sapaklardan gowy bahalar almak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýan bolsaňyz gerek. Eýsem, siz mekdepde her gün ulanýan okuw esbaplaryňyzyň taryhy we oýlanyp tapylyşy barada bilýärsiňizmi?!

Galam. Agaç gatlakly galamlaryň döränine 200 ýyldan gowrak wagt geçdi. Taryhy maglumatlara görä, takmynan 1560-njy ýylda italýan neçjarlary (agaç ussasy) Simonio bilen Lindiana Bernakottiniň galamyň ilkinji nusgasyny oýlap tapandyklary çaklanylýar. Olar arça agajynyň içi boş taýajygynyň içine gara reňk berijini ýerleşdirip, ilkinji galamy ýasaýarlar. Az salymdan has amatly usul – deň ikä kesilen agajyň merkezini dikligine oýup, grafit taýagyny ýerleşdirip, ýarym bölekler ýelmemek arkaly galamyň täze nusgasy oýlanyp tapylýar. Bu usul şu güne çenli hem ulanylýar. Grafit (uglerod düzümli gara mineral) taýajygy ilkinji gezek 1654-nji ýylda Angliýada oýlanyp tapylýar. Elde berk saklanmagy üçin ilki-ilkiler ýazuw esbabynyň daşyna goýun derisi örtülipdir. 1662-nji ýylda Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde grafit külkesinden grafit taýajygynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylýan usulynyň oýlanyp tapylmagy bilen, galamyň önümçiligi ösüp başlaýar. 1775-nji ýylda fransiýaly Nikolýa Žak Konte galamyň inçejik taýak, ýagny palçygyň we grafitiň garyndysynyň iki taýajygyň arasynda ýerleşdirilen görnüşini ýasaýar. Ol 1795-nji ýylda galam öndürmäge patent alyp, Parižde «Konte» kärhanasynyň düýbüni tutýar. 1858-nji ýylda Hymen Lipman pozgujy galamyň ujuna dakyp, täze görnüşi oýlap tapýar. Häzirki wagtda galamlaryň grafit, gaty grafit, suwuk grafit, kömürli, uglerodly, reňkli, ýagly we akwarel ýaly birnäçe görnüşi bar. Galam öndürmek üçin amatly agaç gyzyl kedr bolup, ýakymly ysy we ýarylmaýandygy bilen tapawutlanýar. Her ýyl dünýäde 14-15 milliarddan gowrak galam öndürilýär.
Ruçka. Iň köp ulanylýan ýazuw esbaby bolan ruçkanyň ilkinji nusgasy içi syýaly ýelek hasaplanýar. Biziň eýýamymyzdan öňki 700-nji ýyldan, takmynan, 1700-nji ýyllara çenli hat ýazmak üçin içi syýaly ýelekler ulanylypdyr. Senagat önümçiliginiň ösmegi bilen, 1828-nji ýylda metal uçly syýaly galam oýlanyp tapylýar. Uzak wagtlap ulanyp bolýan ýazuw esbabyny edil ýelek ýaly syýa batyryp ulanypdyrlar. 1827-nji ýylda içinde syýa bolan galam oýlanyp tapylýar. Haçanda galamy kagyza basyp degreniňde içinden syýa akyp başlaýar. Bu şowsuz açyşdan soň 1884-nji ýylda ýumşak basyşly, häzirkilere meňzeş, üç ýerinden syýa akýan ruçka oýlanyp tapylýar. Egin-eşigiňi hapalaýan bu ruçka kämilleşdirilip, 1888-nji ýylda täze çözgüt oýlanyp tapylýar. Şol ýyl ruçkanyň ujuna syýany deň paýlaýan metal şarik oturdylýar. Şeýlelikde, häzirkilere meňzeş ýazuw esbaby döredilýär. 1949-njy ýylda fransuz öndürijisi Marsel Biç ähli kişä elýeterli bolan ilkinji ruçkany ýasaýar we oňa BIK diýip at berýär. Adaty BIK ruçkasy bilen, takmynan, 2 kilometr uzynlykda çyzyk çyzyp ýa-da 45 müň töweregi söz ýazyp bolýar.
Pozguç. Adamlar irki ýyllarda galamyň yzyny aýyrmak üçin çörek owuntygyny ýa-da agajyň gabygy ýaly dürli zatlary ulanypdyrlar. Ilkinji rezin pozguç 1770-nji ýylda iňlis inženeri Edward Nern tarapyndan oýlanyp tapylýar. Ol kauçukdan rezin ýasap, kagyza sürtmek arkaly galamyň yzyny öçürip bolýandygyny öňe sürýär. 1839-njy ýylda pozgujyň pytramaýan we çüýremeýän täze görnüşi oýlanyp tapylýar. 1858-nji ýylda rezin pozguçlar galamyň ujuna oturdylyp başlanýar. Häzirki wagtda pozgujyň diňe galamy däl, syýany hem öçürýän, ýagly reňkler bilen çekilen kartinany pozýan, wanil pozguç, elektrik pozguç we aýna süýümli pozguç ýaly dürli görnüşleri öndürilýär.
Kagyz we depder. Biziň eýýamymyzdan öňki 3000-nji ýyllarda Gadymy Müsürde papirusyň ýüzüne hat ýazypdyrlar. Kagyzyň ilkinji nusgalary Hytaýda Han dinastiýasy döwründe 105-nji ýylda oýlanyp tapylýar. Hytaý kagyzy tut agajynyň gabygyndan we kenepden ýasalypdyr. Kagyzyň bambuk agajy bilen berkidilmegi netijesinde depdere meňzeş ýazuw esbaby ýüze çykýar. 1690-njy ýylda Demirgazyk Amerikada ilkinji kagyz fabrigi gurulýar. Häzirkilere meňzeş ilkinji depderiň 1860-njy ýyllarda Fransiýada we Germaniýada peýda bolandygy bellenilýär. Häzirki wagtda depderiň tikilen, pružinli, gaty daşly, okuw sapaklaryna ýa-da bellik etmek üçin niýetlenen, birsydyrgyn, matematika we ýazuw çyzykly dürli görnüşleri öndürilýär.
PDF








