Iň ýaş Premýer-ministriň nika toýy. Finlýandiýanyň 34 ýaşly Premýer-ministri Sanna Marin bilen futbolçy Markus Raýkkoneniň nika dabarasy geçirildi. Bu barada ýurduň hökümetiniň resmi saýtynda mälim edilýär. Sanna Marin geçen ýylyň dekabrynda Premýer-ministr boldy. Onuň dalaşgärligini 99 deputat goldapdy. Ol diňe bir dünýäniň iň ýaş Premýer-ministri bolman, eýsem ýurduň taryhynda bu wezipäni eýelän üçünji zenandyr. Marin Ministrler Kabinetiniň başlygy bolmanka, ukrainaly Alekseý Gonçaruk dünýäniň iň ýaş Premýer-ministri hasaplanýardy.
Salzburgdaky festiwal dowam edýär. Awstriýanyň Salzburg şäherinde açylan meşhur nusgawy aýdym-saz festiwaly şu ýyl 100 ýyllygyny belleýär. Festiwalyň açylyş gününde Mosartyň watanynda giň gerimli konsertler, sungat işgärleriniň dürli çykyşlary guraldy. Salzburg festiwaly uly ähmiýetli çäreleriň biri bolup, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, bu tomusda hem açyldy. Onuň tejribesi beýlekiler üçin hem höweslendiriji bolup biler. Ýöne bu gezek 44 günlük ýubileý maksatnamasy 30 güne çenli azaldyldy.
Pompeidäki sergi. Pompeide gadymy Rim şäheriniň ýaşaýjylarynyň şaý-seplerine bagyşlanan sergi açyldy. Alymlar Wezuwiý wulkanynyň atylyp çykmagyndan ozal, miladynyň birinji asyrynda, gadymy rimliler diňe bir şaý-sepleri däl, eýsem, kosmetika we gymmat matalary hem köpçülikleýin ulanyp başlandyklaryny aýdýarlar. Tapyndylaryň arasynda saç daraklary, aýnalar, atyryň gaplary bar. Olaryň iň meşhurynyň agramy 600 gramdan gowrak bolan altyn bilezikdir. Bu şäher miladynyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda Wezuwiý wulkanynyň astynda galýar.
Parlament saýlawlary geçiriler. Yrak Parlamentiniň nobatdan daşary saýlawlaryny geçirmek 2021-nji ýylyň 6-njy iýunynda meýilleşdirilýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Mustafa al-Kazimi habar berdi. – Saýlawlaryň üstünlikli we aç-açan bolmagyny üpjün etmek üçin elimizden gelenini ederis – diýip, al-Kazimi aýtdy. Belläp geçsek, ýurduň Parlamenti geçen ýylyň dekabr aýynda täze saýlaw kanunyny kabul etdi. Yrakda soňky Parlament saýlawlary 2018-nji ýylyň maý aýynda geçirilipdi.
Gresiýadaky ilkinji suwasty muzeý. Gresiýada suwasty muzeý açyldy, bu ýerde ir zamanlar heläkçilige uçran gadymy gämä hakyky we wirtual gezelençleri amala aşyryp bolýar. Bu barada Gresiýanyň «Greece High Definition» saýty habar berdi. Bu muzeý Egeý deňziniň günbatar bölegindäki ýaşalmaýan Peristeri adasynyň golaýynda 25 metr çuňlukda, takmynan 425-nji ýylda gark bolan grek söwda gämisiniň galyndylarynda ýerleşýär.
Polipropilen haltajyklar söwdada ulanylmaz. – Çili söwdada polipropilen haltajyklary ulanmakdan doly ýüz öwürdi. Munuň üçin iki ýyl gerek boldy. Has dogrusy, ýurtda polipropilen haltajyklaryň gadagan edilmegi 2018-nji ýylyň 3-nji awgustynda başlady – diýip, daşky gurşaw ministri Karolina Şmidt aýtdy. Häzirki wagtda bu amal iň soňky ädim – kiçi we orta dükanlarda polipropilen haltajyklara gadaganlyk girizmek bilen tamamlandy. Ozal söwda merkezleri polipropilen haltajyklary ulanmakdan ýüz öwrüpdi. Iki ýylda Çilä bu önümleriň 5 millionynyň satylmagynyň öňüni almak başartdy. Satylan her bir haltajyk üçin dükanlar 250 müň peso – takmynan, 330 dollar jerime tölemeli bolar.
Kosmonawtlar gaýdyp geldi. NASA-nyň kosmonawtlary Duglas Herli we Robert Benken Ýere gaýdyp geldiler. «SpaceX» kompaniýasynyň NASA bilen baglaşan şertnamasy esasynda döredilen iň täze kosmos gämisi «Crew Dragon» maý aýynyň ahyrynda Ýerden uçurylypdy. Bu onuň ilkinji adamly uçuşy bolupdy. Kosmos gämisi iki aý orbitada galdy, şol döwürde kosmonawtlar Halkara kosmos stansiýasynyň 63-nji ekipažynyň işine gatnaşdylar. Bu 1975-nji ýyldan bäri Amerikanyň pilotirlenýän gämisiniň ilkinji gezek ummana gonuşydyr.