Azyk howp­suz­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ila­ty­nyň tak­my­nan, 60%-i azyk we gir­de­ji çeş­me­si hök­mün­de oba ho­ja­ly­gyn­dan peý­da­lan­ýar. Çün­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň ha­syl­ly­ly­gy tu­tuş se­bi­tiň ila­ty­nyň azyk howp­suz­ly­gy­ny we aba­dan­çy­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. Bu ba­ra­da FAO (BMG-niň Azyk we oba ho­ja­ly­gy gu­ra­ma­sy) ha­bar ber­di. «Se­bi­tiň oba ho­ja­ly­gyn­da hä­zir­ki za­man çe­me­leş­me­le­riň ula­nyl­ma­gy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir» diý­lip be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.

Te­bi­gat gaz­na­sy­nyň ha­sa­ba­ty. Bü­tin­dün­ýä ýa­ba­ny te­bi­gat gaz­na­sy­nyň (WWF) «Jan­ly pla­ne­ta 2020» ha­sa­ba­tyn­da soň­ky 50 ýy­lyň için­de dün­ýä­dä­ki jan­dar­la­ryň sa­nyn­da gör­ne­tin öz­ge­riş­lik­le­riň bo­lup ge­çen­di­gi bel­le­nil­ýär. Bar­lag­lar her iki ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ri­lip, 4 mü­ňe go­laý jan­ly-jan­dar­la­ryň gör­nü­şi­ni öz içi­ne al­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, 1970-nji ýyl­dan 2016-njy ýy­la çen­li guş­la­ryň, ba­lyk­la­ryň, süý­dem­di­ri­ji­le­riň, ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan­la­ryň we süý­re­ni­ji­le­riň or­ta­ça sa­ny­nyň köp ba­bat­da aza­lan­dy­gy bel­li bo­lup­dyr. Şeý­le-de bol­sa, gu­ra­ma­nyň bar­lag ge­çi­ri­ji­le­ri tiz he­re­ke­te gi­ri­şi­len ha­la­tyn­da bio­dür­lü­li­giň azal­ma­gy­nyň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­niň öňü­ni alyp bol­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler.

Ýazyjynyň ýu­bi­le­ýi­ne ba­gyş­lan­dy. Rus­si­ýa­nyň dün­ýä bel­li ýa­zy­jy­sy, No­be­liň ede­bi­ýat bo­ýun­ça baý­ra­gy­nyň eýe­si Iwan Bu­ni­niň keş­bi şe­kil­len­di­ri­len kü­müş teň­ňe «Rus­si­ýa­nyň gör­nük­li şah­sy­ýet­le­ri» se­ri­ýa­sy şa­ýy­lyk­la­ry­nyň üs­tü­ni dol­dur­dy. Şa­ýy­ly­gyň bel­le­nen ba­ha­sy 2 rubl, ti­ra­žy 3000 sa­ny, gym­mat ba­ha­ly me­ta­lyň sap ag­ra­my 15,55 gr, er­gi­ni­niň ne­pis­li­gi 925. Şa­ýy pu­luň res­mi ady «Ýa­zy­jy I. A. Bu­nin, dog­lan gü­nü­niň 150 ýyl­ly­gy­na (22.10.2020)». Port­re­tiň sag ta­ra­pyn­da rel­ýef şe­ki­lli al­ma aga­jy­nyň şa­ha­sy, aşak­da ýa­zy­jy­nyň go­ly we ýa­şan ýyl­la­ry bar.

Elekt­rou­lag­la­ra ge­çer­ler. Öz ula­gyň bi­len tak­si­çi­lik hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­red­ýän «Uber» kom­pa­ni­ýa­sy 2025-nji ýy­la çen­li sü­rü­ji­le­ri­ni elekt­rou­lag­la­ra ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Şu mak­sat bi­len kom­pa­ni­ýa «Re­nault», «Nis­san», we «Ge­ne­ral Mo­tors» bi­len öza­ra dü­şü­niş­mek ba­ra­da­ky me­mo­ran­du­ma gol çek­di. «Uber», esa­san hem, Ni­der­land­lar­da, Fran­si­ýa­da, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da, Bel­gi­ýa­da, Is­pa­ni­ýa­da we Por­tu­ga­li­ýa­da mak­sat­na­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­ga gi­ri­şer. Tas­la­ma «Re­nault» we «Nis­san» elekt­rik ulag­la­ry gat­na­şar. ABŞ-da «Uber» tak­si sü­rü­ji­le­ri­ne «Chevro­let Bolt» elekt­rou­la­gy hö­dür­le­ner.

Gö­wün aç­mak üçin uçuş­lar. Ýa­po­ni­ýa­da «Ja­pan Air­li­nes» ho­wa ýol­la­ry ge­ze­lenç uçar­la­ry­ny ama­la aşy­rar. Gö­wün aç­ma­ga ni­ýet­le­nen uçuş­da ýo­lag­çy­la­ra ýyl­dyz­ly as­ma­na we Gü­nüň ýa­şy­şy­na to­ma­şa et­mek tek­lip edi­ler. Bu uçuş üç sa­gat do­wam edip, ýo­lag­çy­la­ra na­har hem hö­dür­le­ner. Şeý­le çä­re­le­riň il­kin­ji­si 26-njy sent­ýabr­da Na­ga­no pre­fek­tu­ra­sy­nyň Na­ri­ta ho­wa men­zi­lin­de me­ýil­leş­di­ril­ýär. Awia­kom­pa­ni­ýa gel­jek­de şeý­le uçuş­la­ry yzy­gi­der­li ama­la aşy­rar. Ýa­po­ni­ýa dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar se­bäp­li hal­ka­ra gat­naw­la­ry­nyň 90%-in­den we içer­ki gat­naw­la­rynyň 40%-in­den gow­ra­gy­ny ýa­tyr­dy.

«Moo­dy’s»-iň çak­la­ma­sy. Geljek ýy­la çen­li ne­bi­tiň ba­ha­sy 40-45 dol­lar ara­ly­gyn­da üýt­gäp du­rar. Bu ba­ra­da «Moo­dy’s» hal­ka­ra reý­ting agentligi ta­ra­pyn­dan mä­lim edil­di. «Glo­bal ne­bit we gaz pu­da­gy ikin­ji çär­ýe­giň ýo­ka­ry bol­ma­dyk gör­ke­zi­ji­le­rin­den soň, 2021-nji ýy­lyň iýu­ny­na çen­li dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­lar. Glo­bal yk­dy­sa­dy­ýet ne­bi­tiň her bar­re­li­niň ba­ha­sy­ny 45-65 dol­la­ra çen­li art­dyr­sa, on­da agent­lik glo­bal ne­bit pu­da­gy­nyň gel­je­gi­ne has oňyn ba­ha be­rer­di» diý­lip be­ýa­na­tyň do­wa­myn­da bel­le­nil­ýär.

Ýa­şy 100-den geçenleriň sa­ny art­ýar. Ýa­po­ni­ýa­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş, zäh­met we mad­dy üp­jün­çi­lik mi­nistr­li­gi ýurt­da ýa­şy 100-den ýo­ka­ry­la­ryň sa­ny­nyň 80 müň­den köp­räk­di­gi­ni mä­lim et­di. Hä­zir­ki wagt­da Gü­nüň dog­ýan ýur­dun­da 100 ýaş­dan ge­çen 80 müň 450 adam ýa­şa­ýar. Soň­ky bir ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 9 müň 176 adam art­dy. Ola­ryň 88%-i ze­nan­lar­dyr. Fu­kuo­ka pre­fek­tu­ra­syn­da ýa­şa­ýan iň gar­ry ze­nan 117 ýa­şyn­da. Na­ra pre­fek­tu­ra­syn­da ýa­şa­ýan iň gar­ry er­kek ki­şi bol­sa, 110 ýa­şyn­da. Di­ňe ge­çen ýyl Ýa­po­ni­ýa­da 100 ýaş­dan ýo­ka­ry­la­ryň sa­ny il­kin­ji ge­zek 70 müň­den geçip­di.