7-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň hytaý dilinde neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Milli Liderimiziň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda çap edilen we türkmen halkynyň baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän bu eseri diňe bir biziň ýurdumyzyň giň okyjylar köpçüliginde däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma döredýär. Halkara ylmy toparlarynyň we jemgyýetçiliginiň wekilleri bu eseri daşary ýurt dillerine terjime etmäge meýillerini beýan edýärler. Hytaý dilindäki neşir döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň daşary ýurtlarda terjimesiniň ilkinjisidir.
Milli Liderimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän ýylda döreden bu eseri halkymyzyň asylly däpleriniň dowamatyny alamatlandyrmak bilen, ynsanyýetiň taryhy-medeni gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň dürli dillere terjime edilmegi halkymyzyň baý medeniýetiniň hem-de däp-dessurlarynyň giňden wagyz edilmegine mümkinçilikler döredýär.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere döwlet Baştutanymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan garaýyşlaryny özünde jemlemek bilen, gymmatly gollanma öwrüljek ylmy maglumatlara, rowaýatlardyr tymsallara baýdygy bilen okyjylaryň ünsüni çekýär. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň hytaý dilinde çap edilmegi paýhasly pederlerimiziň şöhratynyň mundan beýläk-de belende göterilmegi ugrunda yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň eserlerine tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berip, uly gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.
Dünýäniň iň giňden ýaýran dilleriniň biri bolan hytaý dilinde çapdan çykan bu kitap dostlukly ýurduň halky üçin türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasy, asylly ýörelgeleri hem-de milli däpleri hakyndaky maglumatlary ene dilinde okamaga mümkinçilik berýär.
Halkymyzyň asyrlaryň dowamyndan şu günlere gelip ýeten milli mirasyna sarpa goýmakda, agzybirligini pugtalandyrmakda, Watana, zähmete, topraga bolan söýgini berkitmekde, geljege beýik ynamy artdyrmakda hormatly Prezidentimiziň çuň zehininden dörän eserleri ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň döreden her bir eserinde Watan, onuň gymmatyna düşünmek, bedew batly ösüşlerine guwanmak, raýatlyk goşandyňy goşmak ýaly gymmatly pikirler eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiziň ýazan her bir eseri Watanyny ýürekden söýýän ynsany biparh goýup bilmeýär.
Hormatly Prezidentimiziň çuň paýhasyndan dörän täze eseri on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem kitapda paýhasly bolmagyň zerurlygy, başyna barlan işiň rowaç bolmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Eserde halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň şöhratly ata-babalarymyzyň wesýeti hökmünde köpasyrlyk durmuş paýhaslary jemlenipdir.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby türkmen halkyna mahsus bolan ýokary ynsanperwerlik ýörelgeleri, belent adamkärçilik, Watana bolan wepalylyk we päk ahlaklylyk baradadyr.
Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Häzirki döwürde bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda maksada gönükdirilen ylmy işler geçirilýär. Myhmansöýerlik, saglyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ynsaplylyk ýaly halkymyzyň gadymda sungat derejesine ýetiren ajaýyp ýörelgeleri täsirli söhbetleriň, gyzykly wakalaryň, durmuşy kyssalaryň üsti bilen açylyp görkezilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň edebi döredijiligiň iň naýbaşy nusgasyna eýerendigini mälim edýär.
Döwlet Baştutanymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan, giň okyjylar köpçüligine niýetlenen täze kitapda halkymyza, ata Watanymyza, ene topragymyza bolan egsilmez söýgi, adam gymmatyna bolan mähirli garaýyş bar, bagtyýarlyk döwrümize buýsanç bar. «Asmandan arkaly, Zeminden zynatly», «Zeminiň abatlygy – ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk – abatlyk», «Zähmetsöýerlik – gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk – asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy – paýhas pendi» we «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!» ýaly bölümlerden ybarat bolan kitap islendik ýaşdaky, kärdäki okyjy üçin gymmatlydyr, ony okap, ata-babalarymyzyň miras goýan däp-dessurlaryna, ruhy-ahlak ýörelgelerine buýsanýarsyň. Kitapda giň orun berlen rowaýatlardyr tymsallar bolsa, bu ýörelgeleriň many-mazmunyna, gadyr-gymmatyna has-da aýdyň göz ýetirmäge ýardam berýär.
Täzegül ÝUSUPOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
mugallymy.