Biziň ata-babalarymyz tarapyndan nesilden-nesle geçip gelýän il-günüňe ak ýürekden hyzmat etmek, ýagşy işleri durmuşa geçirmek, birek-birege hemaýat etmek ýaly halkymyza mahsus bolan, ähmiýetini hiç haçan ýitirmeýän nusgalyk häsiýetleri jemgyýetimiziň baýlygydyr. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleri ygtybarly çözmegiň hukuk esaslary bolup durýar.
Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygynyň bary-ýogy dört ýylynyň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-si her bir türkmenistanlynyň aňynda hemişelik galan şanly sene hökmünde taryha girdi. Çünki şol gün ýurdumyz Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Munuň özi diňe bir türkmen döwleti üçin däl, hatda BMG üçin hem örän uly wakadyr. Sebäbi BMG öz taryhynda ilkinji gezek «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa bilen biziň ýurdumyza hemişelik Bitaraplyk derejesini berdi. Bu resminamany dünýäniň döwletleriniň 185-si biragyzdan goldady.
2015-nji ýylyň tomsunda bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy şu Assambleýa tarapyndan ikinji gezek ady agzalan Rezolýusiýa bilen ykrar edildi. Halkara derejeli bu çözgüt BMG-niň we dünýäniň taryhynda heniz gaýtalanmadyk syýasy waka boldy. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz «Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet – bu biziň ata Watanymyz, eziz Türkmenistanymyzdyr!» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ganatly sözlerini bu gün her bir ildeşimiz uly buýsanç bilen gaýtalaýar. Çünki, hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylykly ýol bilen bagtyýar geljege sary ynamly öňe gitmekdir, dünýä döwletlerini we halklaryny birleşdirmekdir, doganlaşdyrmakdyr. Türkmen halkynyň milli özboluşlylygy bolan ynsanperwerlik ýoly Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynda öz beýanyny tapýar.
Baýramçylyk ýylymyzyň ýanwar aýynda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň geçirilip, onda hormatly Prezidentimiziň eden çuň mazmunly taryhy çykyşy oňa gatnaşyjylaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan bu forum baýramçylyk ýylymyzyň toýunyň başyny başlady. Maslahatyň dowamynda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky şertnamalaryň 12-sine gol çekildi. Ýeri gelende aýtsak, gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesini BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edendigi hem-de onuň BMG-niň resmi dillerinde çap edilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji we 75-nji mejlisleriniň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy, onuň birnäçe düzümlerine-de yzygiderli başlyklyga saýlanýar, ykrar edilýär. Munuň özi şu ýyl hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesini belleýän Diýarymyzyň ýokary halkara abraýyna, milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasy ugrunyň giň goldawa we ykrarnama eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgyda çykyş etdi. Olar döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. «Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin şertleri döretmek zerurdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de energetikany, ulag, senagat we söwda ulgamlaryny möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şeýle hem, Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň ýubileý mejlisinde sebit we dünýä syýasatynyň esasy meseleleri babatda netijeli garaýyşlaryny mälim etdi. Bu garaýyşlar, esasan, pandemiýa garşy göreşde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy, halkara syýasat, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri, durnukly ösüş hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk bilen bagly möhüm gatnaşyklary özünde jemleýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, pähim-paýhasy bilen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň hem her bir gününiň, her bir aýynyň rowaçlyklara beslenýändigini, halkymyzyň buýsanjyna öwrülýän taryhy wakalaryň her biriniň kalplarda guwanç duýgularyny döredýändigini görkezýär.
Türkmenistanyň teklibi esasynda 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi, özem şol ýylyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna gabat gelýänligi bizi begendirýär.
Mahmyt Ýazow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.