Se­kiz aý tö­we­re­gi ara­kes­me­den soň Pe­ru­nyň iň meş­hur ýa­dy­gär­lik­le­rin­den bi­ri bo­lan Ma­çu-Pik­çu şä­he­ri­niň ga­lyn­dy­la­ry tä­ze­den açy­lyp, il­kin­ji sy­ýa­hat­çy­lar ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­li­ge ge­lip gör­dü­ler. Sa­ni­ta­ri­ýa düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, sy­ýa­hat et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di­len bu aja­ýyp kün­jek­de hä­zir­lik­çe da­şa­ry ýurt­lu­la­ra ga­ra­şyl­ma­ýar. Söw­da we sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Ro­so Bar­rio­syň aýt­ma­gy­na gö­rä, ga­dy­my şä­her il­ki bi­len bu se­bi­tiň ýa­şaý­jy­la­ry, soň­ra Pe­ru­nyň ra­ýat­la­ry, soň­ra bol­sa beý­le­ki­ler üçin kem-kem­den ga­py­la­ry­ny açar. Ma­çu-Pik­çu­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy ga­dy­my ýa­dy­gär­li­gi çe­per yşyk­lan­dyr­mak we däp bo­lan tans­lar bi­len ut­gaş­dy. De­ňiz de­re­je­sin­den 2400 metr be­lent­lik­de ýer­leş­ýän Ma­çu-Pik­çu 2007-nji ýyl­da «Dün­ýä­niň tä­ze 7 tä­sin­li­gi­niň bi­ri» di­ýen ada eýe bol­dy.
Mun­dan ozal Pe­ru­nyň hö­kü­me­ti şu ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­dan köp san­ly ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­re gi­ri­şi mugt edip­di. Ýur­duň hä­ki­mi­ýet­le­ri dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dan zy­ýan çe­ken sy­ýa­hat­çy­ly­gy di­kelt­me­gi ni­ýet edin­ýär. Şu mak­sat bi­len gi­riş tö­le­gi döw­let iş­gär­le­ri, ça­ga­lar, ýet­gin­jek­ler we gar­ry­lar üçin 2020-nji ýy­lyň 1-nji iýu­lyn­dan 31-nji de­kab­ry ara­ly­gyn­da ýa­ty­ryl­dy. Gi­ri­şi mugt edi­len ar­heo­lo­gik ýer­le­riň ara­syn­da Nas­ka ge­og­lif­le­ri, Çan-Çan şä­he­ri we Kue­lap ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­li­gi bar. Şeý­le hem, ýur­duň hä­ki­mi­ýet­le­ri Tam­bo­pa­ta, Pa­kaý­ýa Sa­mi­ri­ýa mil­li go­rag­ha­na­la­ry­na, Ma­nu mil­li se­ýil­gä­hi­ne we beý­le­ki­le­re gi­ri­şi mugt et­di­ler.