Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary ýurdumyzda ilatyň abadan ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen bolup, onuň hukuk esaslary Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, adamy goramak, goldamakda we oňa hyzmat etmekde döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleri bolup durýandygy baradaky kadalar düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda alnyp barylýan ähli maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Eziz Watanymyzyň tanalmaz derejede ösmegi, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň has-da artmagy, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýä jemgyýetçiliginde Türkmenistana bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Ýurdumyzyň daşary syýasatda hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine eýermegi ýurdumyz üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze mümkin bolan ugurlaryny açmaga we mazmun taýdan olary baýlaşdyrmaga uly ýardam berýär. Başga aýdanymyzda, Bitaraplyk – bu biziň döwletimiziň ykdysady, söwda, kommunikasiýa, ulag we beýleki ugurlardaky üstünliklerimiziň girewidir.
Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylaryna wideoýüzlenmesinde ulag meselesine ünsi çekmek bilen şeýle diýdi: «Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin şertleri döretmek zerurdyr. Biziň pikirimizçe, şunda energetika, ulag, senagat we söwda ulgamlary möhüm ugurlar bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, 75-nji mejlisiň barşynda Türkmenistan energiýanyň iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara-hukuk guralyny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi maksat edinýär.
Türkmenistan ulag meselesi babatda giň halkara gatnaşyklarynyň başyny başlaýjylaryň biri hökmünde adatdan daşary ýagdaýlaryň döwründe halkara ýük daşalyşynyň durnuklylygyny üpjün etmek meselelerine garamagy teklip edýär. Biziň ýurdumyz tarapyndan Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň degişli taslamasy taýýarlanylyp, ol BMG-ä agza döwletleriň garamagyna iberildi.»
Ýeri gelende aýtsak, öňümizdäki ýylda, ýagny Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahatynda ulag we üstaşyr geçelgelerini döretmegiň we sebitleýin söwda ykdysady gatnaşyklarda onuň ähmiýeti dogrusyndaky meseleleriň giňden ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Sebitiň iri logistika merkezi
Geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýedir. Ýurdumyz olary has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar. Ýakynda Milli Liderimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sebitiň iri logistika merkezi bolan Awtoulag kärhanalar toplumy bilen Awtomobil mekdepleri birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi açylyp ulanylmaga berildi. Öz gezeginde bu iri halkara ulag logistiki merkez möhüm wezipeleri çözmäge ýakyndan ýardam eder. Häzirki «Türkmenistanyň ulag logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň «Türkmenhowaýollary», «Türkmendemirýollary» hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleri bilen bilelikde logistika hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmäge girişmegi ýurt Baştutanymyzyň bu ugurda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde aýgytly ädimdir.
Durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli bu işleriň ählisi hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyzyň ulag-logistika ulgamynda sebit we döwletara ähmiýetli möhüm, iri taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de dünýä döwletleriniň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine itergi berýän hyzmatdaşlygyň oňyn nusgalaryny işläp taýýarlamaga mynasyp goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär.
Bilim ojaklarynyň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ulag pudagynda zähmet çekjek hünärmenleriň döwrebap şertlerde taýýarlanmagy örän derwaýys meseleleriň biri bolup durýar. Bu örän jogapkärli işde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň professor-mugallymlary Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes göreldesine eýerip mynasyp işleri alyp barýarlar. Bilşimiz ýaly, hormatly Arkadagymyz bilim we ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine giň mümkinçilikler döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen hil taýdan täze gatnaşyklary ýola goýmakda zerur şertleri döredýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny emele getirmek maksady bilen, Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara, Özara düşünişmek hakyndaky Teswirnamalara, Ylalaşyklara yzygiderli esasda gol çekilýär.
Şunuň bilen baglylykda Milli Liderimiziň tagallasy bilen açylyp ulanylmaga berlen, ýurdumyzyň iň ýaş ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellemek bolar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebimiziň bilen Daşkent Binagärlik-gurluşyk institutynyň (Özbegistan Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, A.N. Tupolýew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň KAI-niň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama hereket edýär.
Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Buýrugy bilen «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ýolbaşçysyna «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Wolganyň döwlet suw ulaglary uniwersiteti ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim edarasynyň şahamçasy – General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky ähtnama» türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berilmegi institutymyzyň halkara hyzmatdaşlarynyň geografiýasyny has-da giňeltmäge ýardam berdi.
2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugy (Astrahan ş.) , Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň guramaçylygynda ýokary okuw mekdepleriniň, hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen «Hazar sebitinde ulag we logistika pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň orny» atly halkara tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän, ylym we bilim babatda taslamalary işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmegiň hukuk esasyny goýjak Resminama gol çekildi. Özara düşünişmek boýunça Ähtnama laýyklykda, gämi sürmeklik, gämileriň energetiki desgalarynyň ulanylyşy, gämileriniň elektrik we awtomatlaşdyryş enjamlarynyň ulanylyşy, ulag prosesleriniň tehnologiýasy ýaly hünärler we ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamakda tejribe alyşmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem okuw-usuly we ylmy meselelerde hem-de sanly informasion-kommunikasion ulgamlar we tehnologiýalar bilen bagly soraglary öz içine alýan meseleler babatda özara maglumat alyşmagy ýola goýmaklyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan möhüm ugry bolar.
Resminamada özbaşdak we yzygiderli okuwlary guramak (uzak aralykdan okuwlary goşmak bilen), mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary, doktorantlary we talyplary alyşmak, bilelikdäki barlaglary geçirmek, ylmy işleri we dissertasiýalary taýýarlamak, okuw işleri we okatmagyň döwrebap usullary babatda tejribe alyşmak, bilim çeşmeleri, kitaplary, makalalary we ylmy-usuly maglumatlary alyşmaklyga hem uly orun berilýär. Ýeri gelende bellesek, hyzmatdaşlygyň mazmun taýdan baýlygy onuň hil taýdan ýokary derejede bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirer. Şunuň bilen baglylykda, halkara tegelek stol duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ulag logistika toplumynyň ösüşiniň esasy ugurlary we Hazar sebitinde ulag logistika pudagyny ösdürmekde hyzmatdaşlygyň ýollary, Bitarap Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy atly temalar boýunça täsirli çykyşlar diňlenildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen halkara hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçiliklerini açýan, durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ümzügi öňe!
Nurmuhammet Süleýmanly,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.