Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň gadymy we baý milli mirasyny öwrenmäge, ösdürmäge we gorap saklamaga uly ähmiýet berýär. Halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan küştdepdi tansy halklary hem-de medeniýetleri birleşdirýän milli mirasdyr. Halk tanslary medeniýetiň aýratyn üýtgeşik bölegidir. Küştdepdi türkmen halkynyň dünýägaraýşynyň ösüşiniň, onuň ruhy taýdan baýlaşmagynyň çeper beýanynyň subutnamasydyr. Aýdym aýtmagyň milli ýörelgeleriniň hem-de küştdepdi tansynyň, onuň gadymy çeşmeleriniň gaýtalanmajak täsinligi netijesinde bu tans 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Mil­li sun­ga­ty­my­zyň öz­bo­luş­ly nus­ga­sy bo­lan küşt­dep­di tan­sy­myz tür­ki dil­li döw­let­le­riň hem öz­bo­luş­ly tan­sy­na öw­rül­di. Go­laý­da TÜRK­SOÝ hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň we­kil­le­ri bi­len ge­çi­ri­len on­laýn ter­ti­bin­dä­ki du­şu­şy­ga tür­ki dil­li döw­let­le­riň köp san­ly ar­tist­le­ri gat­naş­dy­lar.
Küşt­dep­di­niň ma­ny-maz­mu­ny asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne ga­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şo­nuň üçin bu mil­li mi­ras halk­la­ry bir­leş­dir­ýän güýç­dür. Da­ba­ra­nyň res­mi bö­le­gin­den soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li tür­ki dil­li ýurt­la­ryň köp­san­ly­sy­nyň – Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Öz­be­gis­ta­nyň aý­dym­çy­la­ry we tans to­par­la­ry­nyň ag­za­la­ry türk­men hal­ky­na gut­lag bi­len ýüz­len­di­ler. Gut­lag­la­ra Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň se­bit­le­ri – Baş­gyr­dys­tan, Ta­ta­rys­tan, Ka­bar­di­na-Bal­ka­ri­ýa, Sa­ha-Ýa­ku­ti­ýa ýa­ly se­bit­le­ri­niň hem go­şu­lyp, küşt­dep­di tan­sy­ny bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi onuň äh­mi­ýe­ti­niň has ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Bu çä­rä­niň ýur­du­my­zyň ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­me­gi hem Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ör­bo­ýu­na gal­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ýur­du­my­zyň toý-da­ba­ra­la­ry­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi­ne öw­rü­len küşt­dep­di tans he­re­ket­le­ri bi­len ut­gaş­dy­ry­lyp aý­dyl­ýar. Küşt­dep­di baş­lan­man­ka, adam­lar döwre gu­rap dur­ýar­lar. Için­de bi­ri küşt­dep­di­niň bent­le­ri­ni pes­saý äheň bi­len sa­nap baş­la­ýar. Ýaş ýet­gin­jek­ler­den iki sa­ny­sy or­ta çyk­ýar-da, il­ki ha­ýal (üç de­pim), soň­ra git­di­gi­çe çalt­lan­ýan (bir de­pim) he­re­ket­ler bi­len bent­le­riň owa­zy­na aýak go­şup, küşt­dep­di­niň tans şe­kil­li he­re­ke­ti­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şow­hun gy­zyş­dy­gy­ça, bent­le­ri aý­dy­jy­nyň sa­ny art­ýar, köp­çü­lik­le­ýin bo­lup aýt­ma­ga du­rul­ýar. Tan­sa çyk­ýan­lar hem kö­pel­ýär. Or­ta çyk­ýan­lar aýak­la­ry­ny saz­la­şy­ga go­şup, öň­kü­le­riň he­re­ke­ti­ne uý­gun­la­şyp küşt dep­ýär­ler. Küşt­dep­di­de her ki­me ba­şa­ran he­re­ke­ti­ni et­mek bol­ma­ýar. Umu­my köp­çü­li­giň düz­gün-ter­tip­li he­re­ke­ti­ne saz­la­şyk­da küşt de­pil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len küşt­dep­di tan­sy­ny bü­tin dün­ýä­de wa­gyz et­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Bu ga­dy­my tans ta­ry­hy äh­mi­ýet­li­li­gi bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar. Ar­heo­lo­gi­ýa ta­pyn­dy­la­ry hem-de ýa­zuw ýa­dy­gär­lik­le­ri tans et­mek des­sur­la­ry­nyň müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş alyp gaýd­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Alym­la­ryň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, Par­fi­ýa im­pe­ri­ýa­sy­nyň paý­tag­ty Nu­saý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­rin­de ta­py­lan ta­ry­hy gym­mat­lyk­lar an­tik eý­ýa­ma de­giş­li bo­lup, on­da küşt­dep­di tan­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýän­ler şe­kil­len­di­ri­lip­dir.

Bi­bi­je­mal KA­KA­BA­ÝE­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba
ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.