Beýik Britaniýanyň hökümeti 2030-njy ýyla çenli benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň satylmagyny gadagan etmegi maksat edinýär. Bu Birleşen Korollygyň ýerine ýetirmek isleýän «ýaşyl özgerişlik» atly maksatnamasynyň bir bölegidir. Ýurduň hökümeti elektrik ulaglaryna geçiş döwründe awtoulag pudagyny goldamagy wada berdi. Daşky gurşaw boýunça hünärmenler Ýewropanyň beýleki ýurtlary hem muňa eýerer diýip umyt edýärler.
– Bu başlangyç Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda gazylyp alynýan energiýa serişdeleriniň aradan aýrylmagyna itergi berer diýip umyt edýäris. Ýöne meniň pikirimçe, Ýewropa Bileleşiginde onuň täsiri henizem saklanýar, şonuň üçin bu britan hökümetiniň möhüm ädimidir – diýip, «Greenpeace»-iň ylmy işgäri Dug Parr aýdýar.
Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň meýilnamasy kenar ýakasyndaky ýel elektrik beketler ulgamynyň kuwwatyny ýakyn 10 ýylda 40 gigawata çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde turýar. Uglerod zyňyndylaryny azaltmak baradaky kesgitlenen maksada ýetmek üçin «ýaşyl özgerişlik» meýilnamasy ýene bir möhüm ugry – her ýyl 30 müň gektar meýdanda agaç nahallaryny oturtmagy öz içine alýar.