ABŞ-nyň täze döwlet sekretary. ABŞ-nyň Se­na­ty Pre­zi­dent Jo­zef Baý­de­niň ýur­duň döw­let sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne hö­dür­län da­laş­gä­ri­ni ma­kul­la­dy. Şeý­le­lik­de, En­to­ni Blin­ken ABŞ-nyň tä­ze döw­let sek­re­ta­ry we­zi­pe­si­ne bel­le­nil­di. Se­na­tyň 78 ag­za­sy oňa ses ber­di, 22-si gar­şy çyk­dy. Blin­ken tä­ze ad­mi­nist­ra­si­ýa­nyň beý­le­ki ag­za­la­ry ýa­ly Pre­zi­dent Jo­zef Baý­den bi­len köp­den bä­ri iş­le­ýär. Hu­su­san-da, Ba­rak Oba­ma­nyň pre­zi­dent­li­gi döw­rün­de Döw­let de­par­ta­men­tin­de ol ikin­ji adam­dy. Jo­zef Baý­den şol dö­wür­de wi­se-pre­zi­den­tiň we­zi­pe­si­ni eýe­le­ýär­di.

Tä­ze hö­kü­met gur­ma­gy tab­şyr­dy. Ku­weý­tiň emi­ri Na­waf al-Ah­med al-Ja­ber al-Sa­bah Prem­ýer-mi­nist­riň we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Şeýh Sa­bah Ha­lid al-Ha­mad al-Sa­ba­ha ýur­duň tä­ze hö­kü­me­ti­ni gur­ma­gy tab­şyr­dy. 18-nji ýan­war­da emir Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň işi­niň ýa­ty­ryl­ma­gy­ny ka­bul et­di, ýö­ne mi­nistr­le­re tä­ze hö­kü­met gu­rul­ýan­ça öz we­zi­pe­le­ri­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi tab­şyr­dy. Öň­ki hö­kü­met Par­la­ment saý­law­la­ryn­dan soň 2020-nji ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da dö­re­dil­di. Bu saý­law­la­ryň ne­ti­je­sin­de, 50 orun­lyk mil­li Mej­li­siň dü­zü­mi 60 gö­te­rim tä­ze­len­di.

Ger­ma­ni­ýa­nyň ila­ty ar­tar. Ne­mes bi­ler­men­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, 2040-njy ýy­la çen­li ýur­duň ila­ty­nyň sa­ny has-da ar­tar. Bi­ler­men­ler hä­zir­ki 83,7 mil­li­on ilat­ly Ger­ma­ni­ýa­da öm­rüň do­wam­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy ne­ti­je­sin­de, gel­jek 19 ýyl­da 85 mil­lio­na ýe­tip bil­jek­di­gi­ni çak­la­ýar­lar. Bu ýag­daý ýur­duň ýo­ka­ry de­re­je­li luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry, gar­ry­la­ryň ýe­ter­lik pen­si­ýa­sy hem-de ke­sel­le­ri ýe­ňip geç­mä­ge gö­nük­di­ri­len se­riş­de­le­ri bi­len dü­şün­di­ril­ýär.

Baş me­ýil­na­ma­sy tas­syk­lan­dy. Gü­nor­ta-Gün­do­gar Azi­ýa döw­let­le­ri­niň as­so­sia­si­ýa­sy­nyň /ASEAN/ san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça mas­la­hat­la­ry­nyň il­kin­ji tap­gy­ry wi­deo kon­fe­ren­si­ýa gör­nü­şin­de ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­lar­da ASEAN-yň çä­gin­de bu ugur­da­ky ösü­şi we hyz­mat­daş­ly­gy hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len 2025-nji ýy­la çen­li san­ly pu­dak­da ASEAN-yň baş me­ýil­na­ma­sy ka­bul edil­di. Du­şu­şyk­la­ra Ma­laý­zi­ýa­nyň Ara­gat­na­şyk we mul­ti­me­di­ýa mi­nist­ri Saý­fud­din Ab­dul­lah ýol­baş­çy­lyk et­di.

Luk­man­la­ra ba­gyş­la­nan şa­ýy pul. Ita­li­ýa­da ko­ro­na­wi­ru­sa gar­şy gö­reş­de luk­man­la­ryň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­nan iki ýew­ro­lyk ýadygärlik şa­ýy pul çy­ka­ryl­dy. Onuň je­mi üç mil­li­on­dan gow­rak nus­ga­sy zik­ge­len­di. Şa­ýy pu­luň bir ta­ra­pyn­da «sag bol» sö­zü­niň aşa­gyn­da mas­ka­ly luk­man­lar şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi luk­man­la­ra «sag bol­sun» aýt­mak üçin ýa­dy­gär­lik şa­ýy pul­la­ry çy­kar­mak ka­ra­ry­na gelendigi bellenilýär.

Jan­da­ryň tä­ze gör­nü­şi ta­pyl­dy. Ýa­kyn­da Hy­ta­ýyň gün­do­ga­ryn­da­ky Çžesz­ýan we­la­ýa­ty­nyň Li­şuý şä­he­rin­de ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan jandaryň tä­ze gör­nü­şi ta­pyl­dy. Bu ba­ra­da şä­he­riň eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şaw bö­lü­mi ha­bar ber­di. Öň ylym­da nä­bel­li bo­lan gurbaganyň bu gör­nüşi «me­goph­rys» maş­ga­la­sy­na de­giş­li­dir. Bu gör­nüşiň Baý­şan­zu döw­let se­ýil­gä­hin­de ta­py­lan­dy­gy se­bäp­li «Me­goph­rys ba­is­han­zu­en­sis» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Bar­lag­la­ryň ne­ti­je­le­ri «Zoo­Ke­ys» yl­my žur­na­lyn­da çap edil­di.

Gadymy suw desgasy tapyldy. Hytaý ar­heo­log­la­ry He­nan we­la­ýa­tyn­da ir­ki Şang ne­be­re­si­niň (mi­la­dy­dan öň­ki 1600-1046) döw­rün­den ga­lan ga­dy­my şä­her suw üp­jün­çi­lik ul­ga­my­nyň ga­lyn­dy­la­ry­ny tap­dy­lar. Bu ul­gam 1983-nji ýyl­da ar­heo­log­lar ta­ra­pyn­dan ýü­ze çy­ka­ry­lan ga­dy­my Ýan­şi şä­he­ri­niň ha­ra­ba­lyk­la­ry­nyň bir bö­le­gi­dir. Meý­da­ny tak­my­nan, 2 ine­dör­dül ki­lo­met­re ba­ra­bar şä­he­re, esa­san hem, köş­güň, ki­çi şä­he­riň we uly şä­he­riň tö­we­re­gi­ne ger­mew aý­lan­dy. Ýan­şi ha­ra­ba­ly­gy­nyň ýe­rin­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri he­ni­zem do­wam ed­ýär.

Köp san­ly hem­ra­la­ry ug­rat­dy. «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan bor­tu­na 143 hem­ra ýük­le­nen «Falcon-9» gö­te­ri­ji ra­ke­ta­sy üs­tün­lik­li uçu­ryl­dy. Öň­ki üs­tün­lik Hin­dis­ta­na de­giş­li bo­lup, şon­da bir uçuş­da 104 en­jam uçu­ry­lyp­dy. Bu mis­si­ýa «Trans­por­ter-1» diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Bu uçu­ryş gy­zyk­lan­ýan kom­pa­ni­ýa­lar üçin hem­ra ar­ka­ly el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­mäge ni­ýet­le­nen mak­sat­na­ma­nyň çä­gin­de ge­çi­ril­di. Ag­ra­my 200 ki­log­ram bo­lan eme­li hem­ra­ny uçur­ma­gyň ba­ha­sy bir mil­li­on dol­la­ra ýet­ýär. «SpaceX» her dört aý­da şu­ňa meň­zeş uçuş­la­ry ama­la aşyr­ma­gy mak­sat edin­ýär.