“General Motors” kompaniýasy 2035-nji ýyldan başlap içinde otlanýan motorly ulaglaryň önümçiligini ýatyrmagy maksat edinýär. Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň biri bolan GM 2040-nji ýyla çenli önümçilikde hem-de ulaglaryň ulanylyşynda kömürturşy gazyny dolulygyna aradan aýyrmagy maksat edinýär. Bu maksadyň çäklerinde daşky gurşaw üçin zyýansyz ulaglary işläp taýýarlamaga aýratyn üns berler. Kompaniýa geçen ýyl ABŞ-da 2,55 million ulag satdy. Olaryň 20 müňüni elekrokarlar emele getirdi. GM-niň ýolbaşçysy Meri Barra 2035-nji ýyla çenli söwda maksatly täze ýeňil ulaglaryň howa goýberýän gazlaryny dolulygyna aradan aýyrmak isleýändiklerini belledi.
Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurdunda we sebitinde ýangyç bilen işleýän ulaglaryň satuwyny çäklendirmäge degişli täze kararlar alynýar. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Gawin Nýusom 2035-nji ýyldan başlap, benzin bilen işleýän ulaglaryň satuwyny gadagan etmegi meýilleşdirýändiklerini aýdypdy. Ýurtda Massaçusets we beýleki käbir ştatlarynda hem şeýle düzgüniň güýje girizilmegi göz öňünde tutulýar.
GM kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli ABŞ-daky önümçilik desgalaryny, 2035-nji ýyla çenli beýleki ýurtlardaky desgalaryny dolulygyna energiýanyň arassa çeşmeleri bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem kompaniýa maýasynyň we harytlary işläp taýýarlaýan işgärleriniň ýaryndan köpüsiniň elektroulag we özbaşdak hereket edýän ulaglary kämilleşdirmäge gönükdirjekdigini aýtdy.