Ge­çen ýyl dün­ýä­de eme­le ge­len ýag­daý ho­wa, de­ňiz we de­mir ýol gat­na­wy­ny ep-es­li de­re­je­de azalt­dy. Mu­nuň te­bi­gat üçin peý­da­ly ta­rap­la­ry anyk­lan­dy. Hü­när­men­ler 2020-nji ýy­lyň um­man­lar üçin iň asu­da ýyl bo­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Um­man­lar­da gä­mi­le­riň he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri, ne­bit-gaz plat­for­ma­la­ry, su­was­ty mag­dan­la­ryň çy­ka­ryl­ma­gy we beý­le­ki iş­ler bel­li bir de­re­je­de ses dö­red­ýär. Ýu­waş um­ma­ny­nyň de­mir­ga­zyk-gün­do­ga­ryn­da ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de, 1960-njy ýyl­lar­dan 2000-nji ýyl­la­ra çen­li adam ta­ra­pyn­dan dö­re­ýän se­siň her ýyl ar­tan­dy­gy aý­dyl­ýar. Ro­k­fel­ler uni­wer­si­te­ti­niň Daş­ky gur­şaw mak­sat­na­ma­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Hes­se Au­su­bel ge­çen ýyl um­man­lar­da ses­siz­li­giň hö­küm sü­ren­di­gi­ni bel­le­di. Esa­san hem de­ňiz ýa­ka­la­ryn­da­ky we gä­mi gat­naw ugur­la­ryn­da­ky ses gör­ne­tin aza­lyp­dyr. ABŞ-nyň Nýu-Hempşir uni­wer­si­te­ti­niň Akus­ti­ka bar­lag­la­ry mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Jen­ni­fer Mik­sis-Olds se­na­gat öw­rü­li­şi­gin­den bä­ri adam se­bäp­li ýü­ze çyk­ýan se­siň ar­tan­dy­gy­ny bel­le­ýär. Ol de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň uzak ara­lyk­dan ses ar­ka­ly ha­bar­laş­ýan­dyk­la­ry­ny, gä­mi­le­riň eme­le ge­tir­ýän se­si­niň ola­ra päs­gel ber­ýän­di­gi­ni, şol se­bäp­li bu jan­dar­la­ryň hem se­si­ni ga­tald­ýan­dy­gy­ny, mu­nuň gal­ma­gal­ly ýer­de adam­la­ryň bir-bir­le­ri­niň se­si­ni eşit­mek üçin ga­ty gep­le­me­li bol­ýan­dy­gy­na meň­ze­ýän­di­gi­ni aýd­ýar.
Hes­se Au­su­bel 2015-nji ýyl­da tä­ze tas­la­ma­ny ýo­la go­ýan­dyk­la­ry­ny, bu tas­la­ma­da de­ňiz­de he­re­ket ed­ýän dür­li ulag­la­ryň we beý­le­ki zat­la­ryň se­si­niň azal­dyl­ma­gy­nyň mak­sat edi­nil­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Au­su­bel we onuň to­pa­ry gel­jek ýyl­lar­da glo­bal de­re­je­de um­man­la­ryň ses kar­ta­sy­ny çy­kar­ma­gy göz öňün­de tut­ýar.

We­pa BER­DI­ÝEW,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.