ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň 40 tö­we­re­gi li­de­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da on­laýn ge­çi­ri­len kli­mat sam­mi­ti­niň ne­ti­je­le­ri mä­lim edil­di.
Ýa­po­ni­ýa­nyň 2013-nji ýyl­da­ky bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 2030-njy ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry 50%-e çen­li azalt­ma­gy, Ka­na­da­nyň 2005-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 2030-njy ýy­la çen­li 45% azalt­ma­gy, Hin­dis­ta­nyň 2030-njy ýy­la çen­li 450 gi­ga­wat aras­sa ener­gi­ýa­ny ön­dür­me­gi öz üs­tü­ne alan­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa 1990-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 2035-nji ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry 78%, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bol­sa, 2030-njy ýy­la çen­li 55% azal­dyp, 2050-nji ýy­la çen­li «ug­le­rod bi­ta­rap­ly­gy­ny» ga­zan­ma­ga ta­gal­la eder.
«Hy­taý ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ra gö­zeg­çi­li­gi güýç­len­dir­me­gi hem-de kö­mür önüm­çi­li­gi­ni azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär. Bra­zi­li­ýa 2030-njy ýy­la çen­li to­kaý­la­ryň bi­ka­nun ýok edil­me­gi­ni we 2050-nji ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry azalt­ma­gy öz üs­tü­ne al­dy. Rus­si­ýa at­mos­fe­ra­dan kö­mür­tur­şy ga­zy­ny gaý­ta­dan al­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, ýurt­la­ry baş­ga bir güýç­li ýy­la­dyş­ha­na ga­zy­nyň, me­ta­nyň zy­ňyn­dy­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­ga ça­gyr­dy» diý­lip, Ak Ta­myň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär.
«ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen il­kin­ji gün­le­rin­den baş­lap kli­mat sam­mi­ti­ni gu­ra­ma­gy ile­ri tut­dy, çün­ki ol ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ni adam­zat üçin iň uly we­him­le­riň bi­ri ha­sap­la­ýar» diý­lip, ABŞ-nyň ad­mi­nist­ra­si­ýa­sy­nyň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär. Jo­zef Baý­de­niň özi 2030-njy ýy­la çen­li ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly gaz­la­ry iki es­se azalt­ma­gy wa­da ber­di.
ABŞ ta­ra­pyn­dan gur­na­lan Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne gar­şy gö­reş bo­ýun­ça hal­ka­ra on­laýn sam­mi­ti 22-23-nji ap­rel­de ge­çi­ril­di.