Ýewropada harytlara bolan islegiň artmagy Hytaýdan transyklym demir ýol ýükleriniň düýpli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu barada «Finansial Times» gazeti mälim edýär. Neşiriň ýazmagyna görä, Hytaýyň Russiýanyň we Aziýanyň üstünden geçýän gury ýer ugurlaryna bolan gyzyklanmasy artýar.
«Hytaýyň ykdysadyýetiniň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlardan soň tiz dikeldilmegi 2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýä söwdasynda öňdäki orunlary eýelemegine sebäp boldy. Häzirki wagtda Hytaýyň Merkezi Aziýa we Russiýa arkaly ýerüsti eksporty düýpgöter ösüş gazanýar» diýlip, neşirde bellenilýär.
Şeýle hem neşirde HHR-iň häzirki wagtda demir ýoluň ulanylyşyny kem-kemden artdyrýandygy hem nygtalýar. 2000-den gowrak ýük otlusy şu ýylyň ilkinji iki aýynda Hytaýdan Ýewropa ugur alypdyr we bu mukdar 2020-nji ýyldakydan iki esse köpdür. Döwlet eýeçiligindäki habar beriş serişdelerinde çap edilen resmi maglumatlara görä, 2020-nji ýylda olaryň umumy sany 50 göterim ýokarlandy we 2016-njy ýyldan bäri ýedi esse artdy.
Şeýle hem «Finansial Times» neşiri Hytaýdan Ýewropa Bileleşigine harytlary gury ýer arkaly eltmegiň ähmiýetiniň başga bir tarapynyň bardygyny belleýär.
– 2020-nji ýylda Hytaý ABŞ-dan öňe geçdi we Ýewropa Bileleşiginiň iň uly söwda hyzmatdaşy boldy. Ýewropa Bileleşiginiň maglumatlaryna görä, Hytaýdan import 6% ýokarlanyp, 384 milliard ýewro ýetdi.
Neşirde häzirki wagtda demirýol arkaly ugradylýan ýükleriň Hytaý portlaryndan her gün ugradylýan harytlaryň mukdary bilen bäsleşip bilmejekdigi bellenilýär. Ýöne deňizde ýük daşamakda ýüze çykýan meseleler bilen birlikde Ýewropa Bileleşigine harytlary eltmek üçin ýerüsti ýollaryň sany hem barha artýar.