Iň ýakyn deňizden müň kilometr uzaklykda ýerleşýän Hytaýyň Siçuan welaýatynyň «Romandisea» seýilgähinde «Titanik» gämisiniň deňeçer nusgasy gurulýar. Dizaýnerleriň belleýşi ýaly, gämi mümkin boldugyça asyl nusgasyna laýyk geler. Gämide gözegçilik otaglary, howuz we banket zallary bolar.
Taslamanyň maýa goýujysy Su Sýaoýong «Titanik» gämisine bagyşlap döreden bu işiniň birnäçe asyrlap hyzmat etmegine bil baglaýandygyny aýtdy. Bu ýerde gapy tutawaçlary, gap-gaçlar ýaly hemme zat asyl nusgada bolar. Gurluşyk tamamlanandan soň, gäminiň bortunda myhmanhana açylyp, syýahatçylar ol ýerde 1 gün galmak üçin 310 dollar tölärler. Gäminiň Siçuan welaýatyndaky derýanyň içi bilen bir ýere barýan ýaly bug hereketlendirijileri hem işlär. Gämä syýahatçylary getirýän awtobuslarda Jeýms Kamerunyň «Titanik» filmindäki Selin Dionyň «My heart will go on» aýdymy goýberiler.
Häzirki wagtda uzynlygy 260 metr, ini 28 metr bolan gäminiň gurluşyk işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gäminiň gurluşygy üçin 23 müň tonna polat sarp edilip, taslamanyň umumy bahasy 153,5 million dollara deňdir. 2016-njy ýylyň noýabrynda düýbi tutulan desganyň şu ýylyň ahyryna çenli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Syýahatçylyk maksatly gurulýan bu gäminiň dünýäniň köp sanly jahankeşdelerini özüne çekmegine garaşylýar.
Hakyky «Titanik» öz döwrüniň iň uly gämisi hasaplanýardy. Gämi 1912-nji ýylyň 10-njy aprelinde Sautgemptondan (Beýik Britaniýa) Nýu-Ýorka tarap ugur alýar. Ýöne 14-nji aprelde gämi uly aýsberge urup, gark bolýar. Şeýlelikde bu syýahat gäminiň ilkinji we soňky syýahaty bolýar.