Dür­li ösüm­lik­le­riň ýap­rak­la­rynyň­, gül­le­riniň­, ga­by­gynyň­, bal­dak­la­rynyň­ ýa-da to­hum­la­rynyň­ gaý­na­dylyp al­nan iç­gi­niň gör­nü­şi­ne çaý di­ýil­ýär. Çaý gy­rym­sy ýap­rak­la­ryň fer­men­ta­si­ýa­sy bolup, ola­ry gu­rat­mak ýa-da gyz­dyr­mak ne­ti­je­sin­de alyn­ýar. Ça­ýyň mi­la­dy­dan ozal­ky 2700-nji ýyl­lar­da Hy­taý­da peý­da bo­lan­dy­gy aý­dyl­ýar. Gök we ga­ra çaý şol bir ösüm­li­giň ýap­rak­la­ryn­dan alyn­ýar. Çaý ösüm­li­gi­ne la­tyn­ça – «Camel­lia si­nen­sis» di­ýil­ýär. Ola­ryň di­ňe gaý­ta­dan iş­le­niş usu­ly ta­pa­wut­ly bol­ýar. Ge­liň, gök we ga­ra ça­ýyň ta­pa­wut­la­ry ba­ra­da mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň:
Ga­ra çaý­da­ky ko­fei­niň muk­da­ry gök ça­ýyň­kydan has köp. Şeý­le-de bol­sa, köp­rak aty­lan­da gök ça­ýyň ta­ga­my has ajy bo­lup bil­ýär.
Gök çaý az fer­men­ta­si­ýa­sy se­bäp­li po­li­fe­nol­la­ra baý­dyr. Gök çaý ber­hiz üçin amat­ly ha­sap­lan­ýar we be­den­de mad­da­la­ryň alyş-çal­şy­gy­ny jan­lan­dyr­ýar.
Suw­dan soň iň köp içilýän iç­gi hasaplanýan çaý sag­lyk üçin hem peýdaly bolup, an­ti­ok­si­dant aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň öňü­ni al­ýar we be­den­de go­rag funk­si­ýa­sy­na eýe­dir. Her günde 3 kä­se çaý iç­ýän bi­len iç­me­ýän ada­mlaryň ara­syn­da bar­­lag geçirilip, çaý iç­me­ýän adam­lar­da ýü­rek agy­ry how­punyň 68% ýo­ka­ry­dygy ýüze çy­ka­ryldy.
Gök çaý an­ti­ok­si­dant­la­ra baý. Şol se­bäp­li sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýan adam­lar gök çaý iç­ýär­ler.
Gök çaý ra­hat uk­la­ma­ga ýar­dam ed­ýär, ga­ra çaý bol­sa dü­zü­min­de ko­fe­in bar­ly­gy se­bäp­li uky­ny azald­ýar.
Çaý ýü­rek-da­mar sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin meş­hur bol­sa-da, dü­zü­min­de A, D we B12 wi­ta­min­le­ri bar. Ka­liý we nat­riý ýa­ly mi­ne­ral­la­ry bo­lan ga­ra ça­ýyň ýap­rak­la­ry önüm­çi­lik wag­tyn­da has okis­len­ýär. Çaý kon­di­ter önüm­le­ri iýlende iý­mit siň­di­riş ul­ga­myny gow­şad­ýar.
Ýü­rek ke­sel­le­rin­den go­ra­ýan ga­ra çaý düw­nük ke­se­lin­den hem go­ra­ma­ga ukyp­ly.
2014-nji ýyl­da ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de ga­ra ça­ýyň köp san­ly ke­sel­ler­den go­raý­jy hä­si­ýe­ti­niň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Yzygiderli çaý içilende süý­ji ke­se­liniň ýüze çykmak ähtimallygy peselýär. New­ro­lo­gik nä­hoş­lu­gy azald­ýan­dy­gy bi­len mä­lim bo­lan çaý, huş­suz­ly­gyň hem öňü­ni al­ýar.
Luk­man­lar ça­ýyň iç­geç­mä­niň we ýü­rek bu­lan­ma­nyň öňü­ni al­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ko­fei­ne baý bo­lan çaý gan aý­la­ny­şy­ny hem ka­da­laş­dyr­ýar. Adamlaryň käsi gök çaýy halaýan bolsa, käbiri ga­ra çaý içmegi gowy görýär. Bi­ziň ýur­du­myz­da er­tir­lik­de gök çaý bi­len bir ha­tar­da ga­ra çaý hem köp içil­ýär. Luk­man­lar her gün­ azyndan 4 bul­gur ga­ra çaý iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.
Gan­da­ky şe­ke­riň muk­da­ry­ny ka­da­laş­dyr­ýan gök çaý ho­les­te­ri­niň pe­sel­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Şo­nuň üçin gök çaý içmek süý­ji ke­sel­li adam­la­ra mas­la­hat be­ril­ýär.
Sag­lyk üçin peý­da­ly bioak­tiw kom­po­nent­ler­den baş­ga-da, gök çaý ze­hin funk­si­ýa­la­ry­nyň ös­me­gi­ne-de peý­da­ly­dyr.
Sak­la­ny­lyş şert­le­ri: kö­ne­li­şen ça­ýyň ta­ga­my hem ýa­ra­maz­laş­ýar. Gü­nüň şöh­le­si düş­me­ýän sal­kyn ýer­de sak­la­nan çaý­lar uzak wagt­lap za­ýa­lan­ma­ýar. Çyg­ly­lyk­dan go­ral­ma­dyk çaý ysy­ny ýi­ti­rip bi­ler. Çaý ýi­ti ys­ly zat­la­ryň ýa­nyn­da sak­lan­ma­ly däl. Se­bä­bi bu önüm ýi­ti ys­la­ry özü­ne siň­dir­ýär.