Däp bolşy ýaly, Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar. Munuň özi nesilleriň ruhy arabaglanyşygynyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Ýurdumyzyň sebitleri her ýyl geçirilýän bu giň gerimli medeni çäräni nobatma-nobat kabul etmek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar.
Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynda geçirilýän şu gezekki Medeniýet hepdeliginiň çuň many-mazmun bilen tapawutlanýandygy bellärliklidir. Eziz Watanymyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, bu welaýatyň çägi hem türkmen halkynyň gadymy taryhy we medeni ýadygärliklerine, täsin tebigy gymmatlyklara baýdyr.
Amyderýanyň ýakasyndaky şäheriň häzirki binagärlik keşbi hem myhmanlary haýran galdyrýar. Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň binalary, Ruhyýet köşgi we Bagt köşgi, 2018-nji ýylda ulanmaga berlen döwrebap Halkara howa menzili hem-de 2020-nji
ýylda açylan metjidiň binasy şäheriň ajaýyplyklary hasaplanylýar.
Açylyş dabarasy geçirildi
2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli Ruhyýet köşgüniň öňündäki meýdançada köpöwüşginli dabara geçirildi. Bu ýere hökümet agzalary, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, welaýat häkimliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, Türkmenabadyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary ýygnandylar.
Medeniýet hepdeligine gatnaşýanlaryň hatarynda meşhur teatr artistleri, estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, muzeýdir kitaphana işiniň hünärmenleri, sazandalar, suratkeşler, şahyrlar, aýdym-saz hem-de meşhur folklor-etnografik toparlar bar.
Medeni forumyň açylyş dabarasy Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen edebi-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda milli sungatyň ähli görnüşleri öz beýanyny tapdy.
Dabarada ýurdumyzyň dürli sebitleriniň aýdymçylary hem-de döredijilik toparlary sungatyň dili bilen Garaşsyz Watanymyzy wasp etdiler. Açylyş dabarasynyň döredijilik bölegi gadymy «Küştdepdi» tansy bilen tamamlandy
«Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahat
Soňra Ruhyýet köşgünde «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahat geçirildi.
Foruma gatnaşyjylar ösüp gelýän nesli terbiýelemek meselelerine aýratyn ähmiýet berdiler. Uly ýaşly nesliň wekilleri ýaşlara ýüzlenip, özleriniň ata-babalaryna, olaryň wesýet eden ruhy-ahlak we maşgala gymmatlyklaryna uly hormat-sarpa goýmaga çagyrdylar. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şahsyýeti biziň ählimiz üçin nusgalyk göreldedir diýip bellediler. Milli Liderimiziň we maşgala agzalarynyň durmuş hem-de zähmet ýoly eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary meşhur aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki konsert çykyşlary bilen utgaşyp gitdi. «Ene-ata sarpasy — iň mukaddes borjumyz» atly edebi-sazly kompozisiýa bolsa bu çäräniň esasy pikirini we özenini açyp görkezdi.
«Mirasymyz — buýsanjymyz» atly döredijilik duşuşygy
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly döredijilik duşuşygy hem-de ýurdumyzyň muzeýleriniň hünärmenlerini birleşdiren maslahat geçirildi. Çäräniň barşynda innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy nazara almak bilen, ýurdumyzyň muzeý işini ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hünärmenler şeýle hem oba muzeý sergilerini guramakda tejribe alyşdylar.
Häzirki wagtda welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gymmatlyklaryň 35 müňden gowragy saklanýar. Olaryň esasy bölegi biziň ýurdumyz üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda muzeýiň gaznasynyň üsti köp sanly etnografik gymmatlyklar, şeýle hem gadymy Amul şäherinde geçirilen möwsümleýin gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň 100-den gowragy bilen ýetirildi.
Ýatdan çykmajak pursatlar
Hepdäniň dowamynda şäheriň «Bitaraplyk» seýilgähinde guralan «Türkmeniň toý döwresi» atly sahna meýdançasy ýurdumyzyň döredijilik toparlary üçin özboluşly hasabat meýdançasyna öwrüldi. Baýramçylyk dabarasy Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen açyldy.
2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň diňe bir Türkmenabat şäherinde däl, eýsem, welaýatyň beýleki şäherlerinde we obalarynda hem geçiriljekdigini bellemek möhümdir. Munuň özi döredijilik çäresiniň uly ähmiýete eýedigini, onuň ýaşlary watançylyk we estetik ruhda terbiýelemekde uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar.