16-njy iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň we Germaniýanyň Kansleri Angela Merkeliň Waşingtonda geçiren iki taraplaýyn gepleşikleriniň barşynda halkara meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Prezident Jozef Baýden we onuň myhmany, duşuşykda “Demirgazyk akymy – 2” gaz geçirijisi taslamasy we Hytaý bilen gatnaşyklar bilen baglanyşykly öz nukdaýnazarlaryny beýan edip, umumy maksatlara we wezipelere üns gönükdirdiler.

Jozef Baýden dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli ýewropalylar üçin girizilen ABŞ-a syýahat çäklendirmelerini aýyrmak meselesiniň öwrenilýändigini belledi. Taraplar ikitaraplaýyn saparlardaky çäklendirmeleri ýeňilleşdirmegiň meselelerini maslahatlaşyp, bu meselede uzak möhletli deňagramlyly karara gelmelidigini öňe sürdiler.

Angela Merkel ABŞ-da Jozef Baýden bilen görşen ilkinji ýewropaly lider boldy. Bu Kansleriň özi üçin daşary ýurda iň soňky resmi saparydyr. Gepleşiklerden soň taraplar Waşingtonyň Jarnamasyna gol çekdiler.