Agyz-burun örtükleri dürli keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar.
Käbir ýurtlardaky iri şäherlerde ulaglaryň we önümçilik desgalarynyň çykarýan zyýanly howasyndan goranmak üçin agyz-burun örtügi köp ýyldan bäri dakylýar. Bu örtükler talabalaýyk dakylanda netije berýär. Şol sebäpli agyz-burun örtügini dogry dakmak hökmanydyr.
Adamlar geplände, üsgürip-asgyranda howa zyňylýan damjajyklar 2-3 metr aralyga gidip bilýär. Şol sebäpli köpçülik ýerlerinde howpsuz araçägi saklamak, agyz-burun örtügini hemişe talabalaýyk dakynmak we eliňi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmak ähmiýetlidir.
Agyz-burun örtüginiň burny, agzy we eňegi örtmegi, şeýle hem gapdallarynda hiç hili açyk galmazlygy zerurdyr.
Agyz-burun örtügi hapa ýa-da öl bolsa, bada-bat täzeläň!
Agyz-burun örtügini burnuňyzyň aşagyna çekmek bolmaýar. Onuň aşaky tarapyny eňegiň aşagyna çekmek hem maslahat berilmeýär. Örtügiň sizi goramagy üçin ol agzyňyzy we burnuňyzy doly örtüp durmaly hem-de aşak-ýokaryk hereket etdirilmeli däl. Ýagny, onuň ölçegi siziň ýüzüňize görä bolmaly we eňegiňiziň aşagyna düşürilmeli däl.
Giň, gapdallary açyk duran agyz-burun örtügini dakynmaň!
Çagalara kiçi ölçegli, ýüzlerine laýyk örtük dakyň!
Dakynyp ýören wagtyňyzda agyz-burun örtüginiň öň tarapyna gury ýa-da çygly eliňizi degirmek maslahat berilmeýär.
Mata agyz-burun örtükleri her gezek ulanylandan soňra mazaly ýuwulmaly we arassa gapda saklanmalydyr.
Lukmançylyk agyz-burun örtükleri bir gezek ulanmaga niýetlenendir. Şeýle örtükleri bir gezek ulanandan soňra, çem gelen ýere taşlaman, ýörite zibil gaba atyň!