Paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň hem-de köpöwüşginli zehinleriniň gözden geçirilişi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.
Dabara milli Liderimiziň halkymyzyň egsilmez ruhy hazynasy bolan medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ýaş aýdymçylary höweslendirmek babatdaky goldaw-hemaýatynyň hem-de atalyk aladasynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanymyz zehinli türkmen ýaşlaryna Gutlagynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýerine ýetiriljek sazlaryň we aýdymlaryň milli äheňlere, döwrebap öwüşginlere eýe bolup, diňleýjileriň göwün töründen orun almalydygyny belleýär. «Sungata sarpasy hemişe belent bolan türkmen halky ajaýyp döwrümiziň zehinli aýdymçylaryna – size guwanmaga haklydyr. Şonuň üçin hem siziň her biriňiz halkymyzyň ynamyny ödäp, öz zehiniňizi, ukyp-başarnygyňyzy, sungata söýgiňizi tüýs ýürekden açyp görkezmegi başarmalysyňyz. Häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler, döredilen şertler sizi aýdym-sazyň jadyly dünýäsine, rowaç ýollaryna ganatlandyrmalydyr» diýip, milli Liderimiziň Gutlagynda nygtalýar.
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji konsertinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
Paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkeziniň amfiteatrynda eziz Diýarymyzy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünliklerini, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän halk we estrada aýdymlary uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýaňlandy. Aýdymçylar nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine görnükli türkmen kompozitorlarynyň döreden, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň aýdymlaryna täze äheň bermäge çalyşdylar. Bu aýdymlarda gadymy mukamlar häzirki döwrüň heňleri bilen sazlaşykly utgaşdy.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetiren, paýtagtymyza bagyşlanan «Aşgabat» aýdymy baýramçylyk konsertine aýratyn öwüşgin çaýdy.
Sahnada häzirki bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bilen birlikde, ozalky bäsleşikleriň ýeňijileri hem çykyş etdiler. Olaryň köpüsi üçin «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşigi many-mazmuna baý döredijilik durmuşyna, uly estrada ýol açdy. Olaryň bilelikdäki çykyşynda «Arkadagym bilen barýarys öňe» aýdymy ýaňlandy.
Gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini wasp edýän «Siz zamanaň mähribany, Arkadag!» aýdymy bu konsertiň jemleýji pursady boldy.
Ýeňijileri yglan etmek bu döredijilik bäsleşiginiň iň tolgundyryjy pursady boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň diplomlaryna we baýraklaryna mynasyp bolan ýeňijiler yglan edildi.
Milli Liderimiziň atalyk aladasyna jogap edip, ýaş çeper höwesjeňler öz Ýüzlenmesinde döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ýaş zehinlerine hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sungatymyzy mundan beýläk-de baýlaşdyrmaga we dünýäde wagyz etmäge güýçlerini, zehinlerini hem-de ylhamlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Telebäsleşigiň ýeňijileri
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Meýlis Kerimowiç Hallyýew;
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Kiçiaga geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Mähri Çaryýewna Çaryýewa;
Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet bölüminiň Garadegiş oba medeniýet öýüniň akkomponiatory Dörtguly Baýramgeldiýewiç Kerimow;
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Agzybirlik geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Kuwwat Jepbar ogly Weýisow;
Lebap welaýatynyň Saýat etrap medeniýet merkeziniň artisti Alym Röwşenowiç Taýyrow;
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow adyndaky geňeşliginiň Hojaýap oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Bägül Orazsähedowna Ataýewa.