Özbegistanyň Gyzylgum çölünden äpet dinozawryň galyndylary tapyldy. Täze tapylan dinozawryň iň uly dinozawr hasaplanýan Tyrannosaurusdan hem uludygy we has irki döwürde ýaşap geçendigi anyklandy. Dinozawra XV asyrda ýaşap geçen belli astronom we matematik Ulugbegiň ady (Ulughbegsaurus) dakyldy.
90 million ýyl ozal materikleriň biri-birinden aýrylyp başlan eýýamynda ýaşap geçen bu ýyrtyjy jandaryň aýratynlyklary köp ýyldan bäri öwrenilýärdi. Bu açyş müňlerçe ýyl ozal Aziýada we Demirgazyk Amerikada ýaşan Tyrannosaurus barada hem täze maglumatlary toplamaga mümkinçilik berer.
Bu açyş barada «Royal Society Open Science» žurnalynda habar berildi. Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň dinozawr paleobiologiýa boýunça dosenti Darla Zelenitskiý dinozawryň agramynyň 1 tonna töweregi bolandygyny aýdýar. Zelenitskiý dişi akulanyňka meňzeş bolan ýyrtyjy dinozawry öwrenmek üçin Kanadada, Ýaponiýada we Özbegistanda gazuw-agtaryş işlerine gatnaşypdyr. Alym dinozawryň kellesiniň uly, öň aýaklarynyň kelte bolandygyny, yzky aýaklary bilen ýörändigini aýdýar. Onuň bellemegine görä, uzynlygy 7,5 metre barabar bolan bu jandaryň ýiti penjeleri bolupdyr. Bu dinozawryň ilkinji bölekleri 1980-nji ýyllarda tapylypdyr.
Güljemal Aşyrowa,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň mugallymy.