3-nji sent­ýabr­da Fran­si­ýa­nyň Mar­sel şä­he­rin­de Ýa­ba­ny te­bi­gat bo­ýun­ça 7-nji Bü­tin­dün­ýä kong­re­si öz işi­ne baş­la­dy. Fran­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti we Te­bi­ga­ty go­ra­magyň hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi (IUCN) ta­ra­pyn­dan gur­al­ýan bu çä­re «Bir te­bi­gat – bir ge­le­jek» şy­ga­ry bi­len ge­çi­ril­ýär.
Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron kong­re­siň açy­lyş da­ba­ra­syn­da eden çy­ky­şyn­da 2021-nji ýyl­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­ma­ga ün­süň jem­len­me­li­di­gi­ni aýt­dy.
– Hä­zir­ki ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar glo­bal ýy­ly­ly­gy we bio­dür­lü­li­gi go­ra­ma­gy öz içi­ne al­ýar. Bio­dür­lü­li­gi go­ra­mak­da bel­li bir de­re­je­de yza ga­lan­ly­gy­myz üçin ösüş ga­zan­ma­ga ta­gal­la et­me­li – di­ýip, Em­ma­nu­el Mak­ron bel­le­di.
Hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­ň baş­ly­gy Çžan Sin­şen kong­res­de eden çy­ky­şyn­da:
– 2020-nji ýyl­dan soň­ky glo­bal bio­dür­lü­lik ba­bat­da­ky çar­çu­wa­ly mak­sat­na­ma köp ta­rap­ly, tä­ze­lik­çi­lik­li we öz­ge­riş­li­ge esas­lan­ýan bol­ma­ly. Ol epi­de­mi­ýa­dan soň­ky dö­wür­de yk­dy­sa­dy di­ke­li­şe gol­daw ber­me­li – di­ýip bel­le­di.

Go­rag­ha­na­la­ryň sa­ny­ny
iki es­se kö­pelt­me­gi tek­lip et­di
ÝU­NES­KO 2030-njy ýy­la çen­li dün­ýä­niň go­ral­ýan ýer­le­ri­ni iki es­se kö­pelt­me­gi mak­sat edin­ýär. Bu ba­ra­da gu­ra­ma­nyň baş­ly­gy Od­re Azu­le aýt­dy.
– Biz ÝU­NES­KO-da 2030-njy ýy­la çen­li go­ral­ýan te­bi­gy ýer­le­riň meý­da­ny­ny iki es­se art­dyr­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry­na gol­daw ber­me­gi mak­sat edin­ýä­ris. Bu zo­lak­lar Ýer to­ga­la­gyn­da­ky bio­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak üçin stra­te­gik çeş­me­ler­dir. Biz döw­let­le­riň jo­gap­kär­çi­li­gi öz üs­tü­ne al­ma­gy­na, Bü­tin­dün­ýä me­de­ni we te­bi­gy mi­ra­sy go­ra­mak Kon­wen­si­ýa­sy, şeý­le hem «Adam we bi­os­fe­ra» mak­sat­na­ma­sy ýa­ly ze­rur gu­ral­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ga­raş­ýa­rys – di­ýip, Od­re Azu­le aýt­dy.
Ýer to­ga­la­gy­nyň bio­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bi­len meş­gul­lan­ýan tä­jir­çi­lik mak­sat­ly bol­ma­dyk bu bi­le­le­şi­k iň uly hal­ka­ra eko­lo­gik gu­ra­ma­­dyr. Hal­ka­ra bi­le­le­şik BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­syn­da syn­çy de­re­je­si­ne eýe­dir. Bu gu­ra­ma 1400-den gow­rak hö­kü­met we hö­kü­me­te de­giş­li däl gu­ra­ma­ny öz içi­ne al­ýar.

Mer­jen rif­le­ri­ni ha­las et­mek üçin
3 mil­li­on ýew­ro bö­lüp ber­di
Fran­si­ýa­nyň hö­kü­me­ti um­man­la­ryň bio­dür­lü­li­gi­ni go­ra­mak ug­run­da­ky gö­re­şiň çäk­le­rin­de glo­bal mer­jen rif gaz­na­sy­na (GCRF) 3 mil­li­on ýew­ro bö­lüp ber­di. Bu ba­ra­da Fran­si­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Žan-Iw Le Drian mä­lim et­di.
– Biz mer­je­n rif­le­ri­niň di­kel­dil­me­gi­ni we go­ral­ma­gy­ny gys­sag­ly ma­li­ýe­leş­dir­me­li. Bu gaz­na üçin 3 mil­li­on ýew­ro bö­lüp be­re­ris we ýa­kyn 10 ýyl­da mer­jen rif­le­ri­ni go­rap sak­la­mak üçin 625 mil­li­on dol­lar top­lap bi­le­ris – di­ýip, Fran­si­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Žan-Iw Le Drian aýt­dy.
Mar­sel­de ge­çi­ril­ýän mas­la­hat pan­de­mi­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly ga­ry­şyk gör­nüş­de ge­çi­ril­ýär – gat­na­şy­jy­la­ryň kä­bi­ri wi­deo bag­la­ny­şy­gy ar­ka­ly mas­la­ha­ta gat­naş­ýar. Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron, Gre­si­ýa­nyň we Hy­ta­ýyň hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry, ÝB-niň do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry çy­kyş ed­ýär­ler. Bü­tin­dün­ýä ýa­ba­ny te­bi­gat bo­ýun­ça kong­res dört ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýär. On­laýn we off­laýn ýag­daý­da ge­çi­ril­ýän hä­zir­ki mas­la­hat do­kuz gün do­wam eder. Çä­rä­niň do­wa­myn­da 160-dan gow­rak ýurt­dan we se­bit­den döw­let eda­ra­la­ry­nyň, ra­ýat jem­gy­ýe­tle­riň, yl­my we işe­wür to­par­la­ryň we­kil­le­ri daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ýa­ly me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şar­lar.