15-nji sentýabrda “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan uçurylan kosmos gämisindäki syýahatçylar ilkinji suratyny Ýere ýolladylar. “Inspiration4” atly maksatnamanyň çäklerinde hiç biri kosmonawt bolmadyk dört adam kosmosa uçurylypdy. Olar Ýeriň daşyndaky aýlawy üç gün dowam eder. Her 90 minutda Ýeriň daşyndaky bir alawyny tamamlaýan gämi syýahatyň ahyrynda Floridanyň kenarynda deňizde bellenen platforma gonar. Bu täsin syýahata milliarder işewür Jared Aýzakman ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem maglumat inženeri Kristofer Sembroski (42 ýaşynda) bilen zenanlar – saglygy goraýyş işgäri Haýli Arseno (29 ýaşynda) we geolog-professor Sian Proktor (51 ýaşynda) syýahata gatnaşýar. “Dragon” atly kapsula ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kennedi kosmodromyndan uçurylypdy. “Falcon 9” göteriji raketasy arkaly uçurylan gämi 575 kilometr belentlige çykdy. Kosmos syýahatçylary bu uçuşyň dowamynda käbir tejribe işlerine hem gatnaşarlar.
Kosmos gämi Ýerdäki stansiýadan dolandyrylýan hem bolsa, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykmagynyň öňüni almak üçin höwesjeň kosmonawtlar alty aýlyk okuw geçdiler.
Bu syýahat ählisi syýahatçylardan düzülen ilkinji kosmos syýahaty hasaplanýar. Şeýle hem beýleki kosmos syýahatlaryndan tapawutlylykda has belende çykdy.
Ýeri gelende bellesek, “Amazon”-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos ýolbaşçylyk edýän “Blue Origin” kompaniýasynyň işläp taýýarlan gämisi bilen şu ýylyň 20-nji iýulynda 106 kilometre belende çykypdy. Şeýle hem iňlis işewüri Ser Riçard Branson 11-nji iýulda ýolbaşçylyk “Virgin Galactic” kompaniýasynyň işläp taýýarlan kosmos gämisi bilen 100 kilometre golaý belende çykypdy. 100 kilometr belentlik Ýeriň dartyş güýjüniň azalyp başlanýan ýeri bolup, kosmosyň çägi hasaplanýar.