Dünýäniň dürli ýerlerinde täsin gowaklar, ýerasty köller we guýular gabat gelýär. Köplenç, bu gowaklarda irki döwürlere degişli suratlara ýa-da gurallara gabat gelmek bolýar. Täsin gowaklaryň biri hem Ýemende bolup, häzire çenli hiç kim onuň düýbüni görmändir. Berehut guýusy atly gowaga ilkinji gezek ummanly hünärmenler girdiler. Gowaklary öwrenmek bilen meşgullanýan topar çuňlugy 112 metr bolan gowaga girip, ol ýerde nämeleriň bardygyny anykladylar. Hünärmenler guýynyň düýbünde ýylan, gurbaga ýaly jandarlaryň we mör-möjekleriň ýaşaýandygyny anykladylar. Gowagyň içinde stalagmitleriň (gowaklarda depesinden damýan hekli damjalardan emele gelýän konus şekilli sütünjik) bardygy öwrenildi. Bu ýerdäki stalagmitleriň iň uzynynyň 9 metre barabardygy mälim edildi. Açyşa gatnaşan geolog Muhammed al-Kindi gowagyň düýbünden suw, daş we toprak nusgalaryny alandyklaryny, emma entek olary doly öwrenmändiklerini belledi. Bu barada «Live Science» žurnalynda habar berilýär.
Abadan Reýsowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.