Germaniýada täze koalisiýa hökümetini döretmek üçin gepleşikleri geçirýän sosial demokratlar, “ýaşyllar” we liberaller zähmete tölenýän iň pes hakyň näçe boljakdygy barada öz aralarynda ylalaşyk gazandylar. Karara görä, salgydyň mukdary köpeldilmez hem-de bir sagat zähmet hakynyň iň pesi 12 ýewro deň bolar. Partiýa wekilleriniň ylalaşan bu kararynyň güýje girmegi üçin partiýalaryň kararlary kabul edýän düzümleri tarapyndan hem tassyklanmagy zerurdyr. “Soýuz 90/ýaşyllar” partiýasynyň ýolbaşçysy Annalena Berbok, Azat demokratlar partiýasynyň lideri Kristian Lindner we SPD-niň başlygy Olaf Şolz habar beriş serişdeleri üçin beren beýanatynda “durnukly bileleşik döretmek maksady bilen ylalaşyk gazanyp biljekdiklerine bil baglaýandyklaryny” öňe sürüpdiler.
Partiýalaryň wekilleriniň gazanan ylalaşyklarynyň arasynda bir sagat zähmet hakynyň gymmaty bilen bir hatarda, kömür beketleriniň 2030-njy ýylda ýapylmagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa geçiş döwründe elektrik hasap-fakturalarynyň üstüne goşulýan goşmaça salgytlaryň ýatyrylmagy, işsizlik aýlygy bolan “Hartz IV” ulgamynyň ýerine “raýatlyk pulunyň” berilmegi ýaly teklipler hem bar. Şeýle hem partiýalar pensiýa ulgamyny güýçlendirmek, awtobanlarda tizlik çäklendirmesini aýyrmak, salgydyň artdyrylmazlygy, Bundestaga (milli parlamente) we Ýewropa parlamentine deputat saýlanmak üçin ýaşyň 16 ýaşa çenli azaldylmagy, her ýylda 400 müň täze ýaşaýyş jaýynyň gurulmagy we munuň dörtden bir böleginiň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegi ýaly meselelerde hem özara ylalaşyk gazandylar. Bu ylalaşyk ýurtda täze hökümediň döredilmegi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Bu ýurt, adatça, koalisiýa hökümeti tarapyndan dolandyrylýar. Birnäçe partiýanyň gatnaşmagynda döredilýän bu hökümeti döretmek birnäçe hepde dowam edip bilýär.
Bu täze hökümet gurmak üçin ýene bir ädimdir. Täze hökümete Olaf Şolz ýolbaşçylyk eder. Çünki onuň partiýasy SDP 26-njy sentýabrda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandy. Bu düzümdäki koalisiýa taraplary alamatlandyrýan reňklere görä “Swetofor” diýlip atlandyryldy.