Pla­ne­ta­my­zyň kos­mos gi­ňiş­li­gin­den su­ra­ta dü­şü­ri­le­ni­ne 75 ýyl bol­dy. Il­kin­ji eme­li hem­ra­ny ozal­ky So­wet So­ýu­zy uçu­ran hem bol­sa, kos­mos gi­ňiş­li­gin­den Ýe­ri su­ra­ta il­kin­ji bo­lup ame­ri­kan­lar dü­şür­di. Nýu-Mek­si­ko­da­ky ast­ro­nom­lar 1946-njy ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da 35 mil­li­metr­lik ka­me­ra ber­ki­di­len «V-2» ra­ke­ta­sy­ny kos­mo­sa uçur­dy­lar. Bu ka­me­ra ar­ka­ly 105 ki­lo­metr be­lent­lik­den pla­ne­ta­nyň il­kin­ji su­ra­ty alyn­dy. Sput­nik ýe­re bat­ly uran hem bol­sa, po­lat ga­pyr­ja­gyň içi­ne ýer­leş­di­ri­len fo­to­en­ja­ma ze­per ýet­me­di. Şeý­le­lik­de, Ýe­riň kos­mos­dan al­nan il­kin­ji su­ra­ty peý­da bol­dy. Bu wa­ka­dan 11 ýyl ozal, ýag­ny 1935-nji ýyl­da «Explo­rer II» at­ly bal­lon ar­ka­ly Ýer ýü­zi 22 ki­lo­metr be­lent­lik­den su­ra­ta dü­şü­ri­lip­di.
1946-1950-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da dür­li be­lent­lik­ler­den al­nan su­rat­la­ryň sa­ny müň­den hem geç­di. Ola­ryň iň be­ýi­gi 160 ki­lo­metr ýo­kar­dan al­nyp­dy.
Soň­ky ýyl­lar­da bol­sa kos­mos bi­len bag­ly tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi bi­len has köp su­rat peý­da bol­dy.

1950-nji ýyl­da «Na­tio­nal Ge­og­rap­hic» žur­na­lyn­da­ky bir ma­ka­la­da kos­mos­dan dü­şü­ri­len Ýe­riň su­ra­ty­nyň aşa­gyn­da Ýe­riň baş­ga bir pla­ne­ta­dan ge­len­le­re nä­hi­li gö­rün­jek­di­gi ýa­zy­lyp­dyr.

1968-nji ýyl­da bol­sa «Apol­lo 8» tas­la­ma­sy­nyň ast­ro­nawt­la­ry Ýe­ri has du­ry su­ra­ta al­ma­gy ba­şar­dy­lar (ortadaky surat). Bu su­rat gys­ga wagt­da yl­myň nä­de­re­je­de ösen­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Hal­ka­ra kos­mos be­ke­din­de iş alyp bar­ýan kos­mo­nawt­lar di­ňe yl­my iş­ler bi­len meş­gul­lan­man, eý­sem, fo­to­su­rat­çy­lyk sa­pa­gy­ny hem al­ýar­lar. Bu be­ket­den pla­ne­ta­my­zyň dür­li şä­her­le­ri, um­man­lar, aý­lag­lar, der­ýa­la­ryň bas­seýn­le­ri, de­ňiz ke­nar­la­ry we pla­ne­ta­my­zyň beý­le­ki ýer­le­ri gün­de di­ýen ýa­ly su­ra­ta al­nyp, ýaý­ra­dyl­ýar.