Gadymy Rimiň Pompei şäheriniň eteginde ýerleşýän ýaýlada agaçdan ýasalan sekiler, küýzeler we sandyklar saklanyp galan gadymy otagyň üstünden bardylar. Alymlaryň pikiriçe, bu otagda bir wagtlar işçiler ýaşapdyr. Arheologlar ol ýerde çagalara degişli zatlary hem tapdylar. Sandykdan tapylan zatlar bolsa, at esbaplaryna degişli bolup çykdy. Ýeri gelende aýtsak, ozal şu etrapdan üç atyň we arabasynyň galyndylary tapylyp, hünärmenleriň aýtmagyna görä, olar dürli dabaralarda, begleriň toý-dabaralarynda ulanylypdyr.

Şeýle hem agaç sekileriň aşagyndan işçileriň ulanan keramiki küýzeleri we şahsy zatlary tapyldy. Mundan başga-da, kiçijik otagyň ýokarsynda diňe kiçijik penjire bolup, hatda diwar bezegleriniň-de ýokdugy hem belli boldy. Otagda uly bolmadyk bir maşgalanyň ýaşan bolmagy-da ahmal. Barlag geçirijiler bu daryşganlygyň haýran galandyklaryny bellediler. Tapylan otag bary-ýogy 16 inedördül metr bolup, miladynyň 79-njy ýylynda wulkanyň atylmagy netijesinde emele gelen adatdan daşary şertleri sebäpli täzeden abatlanyp bilner.

Ýatlap geçsek arheologlar Pompei şäherini ilkinji gezek 1592-nji ýylda ýüze çykarypdyrlar. Wulkan atylandan 100 ýyl soň Pompeýiniň ady ýazylan daşýazgy ýüze çykarylýar. Tapylan mahaly bu çäkleriň tanymal serkerde we syýasatçy Pompei Beýigiň mülküne degişli bolmagynyň mümkindigi baradaky çaklamalar öňe sürülýär.

Şeýlelikde, Rim sungatynyň ýadygärliklerini abatlaýjylaryň tagallasy bilen Pompeidäki ýerler ikinji ömrüne eýe bolýarlar. Abatlaýyş işleri Ýewropa gaznasynyň hasabyna maliýeleşdirilýän “Uly Pompei” taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Taryhy maglumatlardan belli bolşuna görä, bu şäher miladynyň 79-njy ýylynyň 24-nji awgustynda tutuşlygyna diýen ýaly Wezuwiýa wulkanynyň astynda galýar. Miladydan 6 asyr öň esaslandyrylan, Italiýanyň çäklerindäki gadymy şäher Pompeiniň galyndylary häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýär. 1748-nji ýylda başlan gazuw-agtaryş işleri häzirki günlere çenli dowam edip, şäheriň syrlarynyň 80 göterime golaýynyň üsti açyldy.

Häzirki wagtda Italiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gadymy Pompei şäherini gaýtadan dikeltmek boýunça bilelikdäki maksatnamasy doly güýjünde dowam etdirilýär. Häziriki wagtda jahankeşdeleriň bu mekana gelip görmekleri üçin abatlanan ymaratlaryň sany 30-dan geçdi. Maglumatlara görä, her ýylda Pompei 3-4 million adam aralygynda jahankeşde gelýär. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Italiýanyň iň gözel ýerlerinden birine daşary ýurtly syýahatçylaryň gelip görmegi üçin çäklendirmeler girizildi. Özboluşly ýagtylandyryş ulgamy arkaly, bu ýadygärlik şähere gijelerine-de tomaşa edip bolýar. Ýagtylygyň täsiri bilen gadymy şäher has syrly görnüşe eýe bolýar. Guramaçylar ähli gelmäge isleg bildirýänler üçin bu gadymy Rim şäheriniň gömülmezden ozal, 79-njy ýyldakysy ýaly göz öňüne getirip bilmekleri üçin aýratyn ulgam işläp düzdiler. Geçen asyryň ortalaryndan bäri muzeý goraghanasynyň ähli desgalaryny howpsuzlygyny we täzelenmegini üpjün etmek üçin birnäçe işler alnyp barýar. Häzirki wagtda bu ýerde işleýän arheologlar Pompeiniň geçmişi barada gürrüň berýän täsin zatlaryň üstüni açyp, taryhçylary geň galdyrýarlar.