11-nji noýabrda tutuş dünýä edebiýatyna düýpli täsirini ýetiren iň meşhur rus ýazyjysy, akyldary, filosofy we publisisti Fýodor Mihaýlowiç Dostoýewskiniň doglan gününiň 200 ýyllygy bellenildi. Dostoýewskiniň eserleri 170 dile terjime edildi we hemişe diňe bir filosofiki pikir ýöretme, ylmy barlaglar, teatr sahnasy we film üçin däl, eýsem daşary ýurtlular tarapyndan rus dilini öwrenmek üçinem güýçli itergi boldy.

Ýazyjy 1821-nji ýylda, Moskwada dünýä inýär. Ol 1837-nji ýylda inženerçilik ugrundan orta hünärmentçilik mekdebine okuwa girip, ony 1844-nji ýylda tamamlaýar. 1843-nji ýylda Fýodor meşhur fransuz ýazyjysy O. Balzagyň “Ýewgeniýa Grande” romanyny terjime edýär. 1845-nji ýylda bolsa ilkinji eserini – “Garyp biçäreler” romanyny ýazyp gutarýar. Roman rus edebiýatynyň iň meşhur tankytçysy W.Belinskiniň öwgüsine mynasyp bolýar, şahyr N.Nekrasow bolsa, 1846-njy ýylda eseri özüniň redaktorlyk edýän “Peterburg ýygyndysy” almanahynda çap edýär. 1849-njy ýylda, onuň “Ak gijeler” powesti çap edilýär.

Ýazyjy 1854-nji ýylda bolsa harby gulluga çagyrylyp, 1859-njy ýylda gulluk borjyny tamamlaýar, şol ýylyň özünde hem “Stepançikowo obasy we onuň ýaşaýjylary” powestini çap etdirýär. 1861-nji ýylda ýazyjy dogany Mihail bilen birlikde “Wremýa” žurnalyny, soňra “Epoha” žurnalyny çykarýarlar. Bu žurnallarda ýazyjynyň “Kemsidilenler we ýekirilenler” (1861), “Zyndan hakda ýazgylar” (1860-62), “Tomusky täsirler hakda gyşky bellikler” (1863), “Garasöýmeziň ýazgylary” (1864) ýaly meşhur eserleri çap edilýär. Emma 1865-nji ýylda “Epoha” ýapylýar. Ýazyjy agyr ýagdaýa düşýär, howlukmaçlyk bilen iň belli eserleriniň birini – “Jenaýat hem jeza” (1866) romanyny döredýär, “Humarbaz” (1866) romanyny bolsa 21 günde ýazyp gutarmaly bolýar. Bu eserleri okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Alan gazanjyna ýazyjy Ýewropa syýahat edýär. Ol ýerden özüniň “Tentek” (1867) atly ajaýyp romany bilen gaýdyp gelýär.

Ömrüniň soňky sekiz ýylyny Staraýa Russa şäherinde ýaşan ýazyjy bu ýerde birnäçe naýbaşy eserleri döredýär. Olardan “Melgunlar” (1872), “Ýetginjek” (1875), “Doganlar Karamazowlar” (1880) romanlaryny, birnäçe powestdir hekaýalary we “Ýazyjynyň gündeligi” atly essedir hekaýalar ýygyndysy has öňe saýlanýar. Fýodor Dostoýewskiý 1881-nji ýylda aradan çykýar.