Sun­gat ta­ryh­çy­sy Kris­to­fer Raý­tyň 88 dol­la­ra sa­tyn alan kar­ti­na­sy meş­hur ni­der­land su­rat­keş An­to­nis wan Deý­kiň aja­ýyp ese­ri bo­lup çyk­dy. Raýt bu sun­gat ese­ri­ni meşhur su­rat­keş Wan Deý­kiň çe­ken su­ra­ty­nyň nus­ga­sy­dyr öýd­ýär. Soň­ra ol mu­nuň nus­ga däl-­de, eý­sem, XVII asyr­da Ang­li­ýa­nyň, Şot­lan­di­ýa­nyň we Ir­lan­di­ýa­nyň ko­ro­ly bo­lan Çarlz I kar­ti­na­sy­nyň asyl nus­ga­sy­dy­gy­ny ýü­ze çy­kar­ýar.
Sun­gat ta­ryh­çy­sy bu su­ra­ty Oks­ford­da­ky Aş­mo­la mu­ze­ýi­niň Ýew­ro­pa sun­ga­ty­nyň baş mü­di­ri Ko­lin Har­ri­so­na el­tip gör­ke­zen­de, ol bu ese­riň aw­tor­ly­gy­nyň wan Deý­ke de­giş­li­di­gi­ni öňe sür­ýär.
– Geň ga­laý­ma­ly, men su­rat­da­ky kä­bir in­çe­lik­le­re üns ber­män­di­rin – di­ýip, Kris­to­fer Raýt belleýär.
Lon­don­da­ky Kur­to sun­gat ins­ti­tu­ty hem Har­ri­so­nyň söz­le­ri­ni tas­syk­lap, su­ra­tyň asyl nus­ga­sy­dy­gy­ny Raý­ta ha­bar ber­di. «Kar­ti­na ga­ty üýt­ge­şik gö­rün­ýär. Su­rat­ke­şiň us­sat­ly­gy, su­ra­tyň wan Deý­kiň mek­de­bi­ne de­giş­li­di­gi­ni, onuň di­ri wag­ty çe­ki­len­di­gi­ni çak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär» diý­lip, Kur­to sun­gat ins­ti­tu­ty­nyň be­ýa­na­tyn­da tas­syk­lan­ýar.
Mun­dan ozal meş­hur ital­ýan su­rat­ke­şi Jo­wan­ni Bat­tis­ta Týe­po­lo­nyň ýi­ti­ri­len su­ra­ty­nyň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň Ta­us­ter şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da­ky kö­ne ja­ýyň üçe­gin­den ta­py­lan­dy­gy ha­bar be­ril­di. Bu kar­ti­na maş­ga­la ne­sil­le­ri­niň 300 ýyl bä­ri şol bir jaý­da ýa­şap gel­ýän agzalarynyň biri ta­ra­pyn­dan ta­pyl­dy.