Ýaponiýadaky “RIKEN Guardian Robot Project” şereketiniň hünärmernleri alty sany esasy duýgyny beýan edip bilýän “Nikola” atly roboty döretdiler. “Frontiers in Psychology” neşirinde çap edilen ylmy barlaglara görä, adamlaryň “Nikola”-nyň ýüzündäki “myşsalary” herekete getirmek arkaly döredilen alty sany ýüz keşbini – şatlyk, gynanç, gorky, gahar, geň galdyryjy we ýigrenji nädip kesgitläp biljekdigini synagdan geçirdiler. “Nikola”-nyň ýüzünde emeli myşsalaryň hereketine gözegçilik edýän 29 sany pnewmatik hereketlendiriji we gözüň hereketini sazlaýan alty hereketlendiriji bar. Bu hereketlendirijiler howa basyşy bilen dolandyrylýar we kadaly hereketleri üpjün edýär. Şeýle hem alymlar “Nikola”-ny işläp taýýarlanlarynda “Ýüz hereketini kodlaýyş ulgamy” (FACS) atly kodlama ulgamyndan peýdalandylar. Şol bir wagtyň özünde gözlegçiler “Nikola”-nyň dürli duýgulary oýandyrýan tizliginiň näderejede hakykatdygyny ýüze çykardylar. Mysal üçin, robot gynanç duýgusyny geň galdyrmakdan has haýal ýerine ýetirdi. Beýleki tarapdan, alymlar gysga wagtyň içinde “Nikola”-nyň sosial psihologiýada we newrologiýa ylymlarynda ulanyp boljakdygyna ynanýandyklaryny bellediler.