Ata Watanymyz gysga döwrüň içinde ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösýän, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýan, halkara abraýy barha artýan, syýasy taýdan durnukly we ykdysady taýdan kuwwatly, senagatlaşýan döwlete öwrüldi. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanýan döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň täze we dogry ýoly saýlanyp alyndy. Ýurdumyz şu syýasatyň netijesinde ýokary sepgitlere ýetdi.
Geçen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň taryhynda möhüm taryhy wakanyň, ýagny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň bolandygy we netijede parlament ulgamynyň iki palataly ulgama geçendigi aýratyn bellärliklidir. Sebäbi bu taryhy wakalar biziň milli demokratiýamyzyň has-da dabaralanýandygynyň subutnamasy bolup durýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň ilkinji günlerinde hem ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerine täzeçe badalga boljak Maksatnamanyň, ýagny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşi, halkymyzyň röwşen geljegi, daşary syýasy ýol-ýörelgelerimiziň göz öňünde tutulmagy buýsandyryjy wakalaryň biridir.
Täze Maksatnama döwletiň institusional ösüşine, ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň senagat önümçiligine, maýa goýum syýasatyna, daşary söwda we haryt dolanyşygyna, umumy düşewüntlilige goşmaça itergi berer. Ýakyn geljekde ýurdumyzda ýene-de dünýä ülňülerine laýyk gurlan täze önümçilik we durmuş ugurly desgalaryň ýüzlerçesi peýda bolar, bar bolanlarynyň durky düýpli döwrebaplaşdyrylar. Şunda halk hojalygyny netijeli ösdürmek boýunça bellenen wezipeleriň köp babatda tutuş dünýäde öňe sürülýän «ýaşyl» ykdysadyýet başlangyjyny has-da ilerletmek göz öňünde tutuldy. Maksatnamada Gün, ýel we suw ätiýaçlyklaryndan peýdalanmak, hökmany sanlylaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Milli strategiýanyň çäginde sanly ykdysadyýetiň nebitgaz, himiýa, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, dokma we ýeňil senagat, suw üpjünçiligi, ulag-aragatnaşyk, maglumat tehnologiýalary, innowasion we intellektual ösüş ýaly möhüm ugurlarynda serişdäni, wagty tygşytlamak hem-de daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiri azaltmak boýunça toplumlaýyn çäreler bellenildi.
Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, ýurdumyzda amala aşyrylan işleri, ýetilen sepgitleri birin-birin belläp, geljekki 30 ýylyň ösüş maksatnamasynyň üstünde durup geçip, ýurdumyzyň geljekki 30 ýylyň ösüşini, ýagny Milli maksatnamany doly amala aşyrjak tejribeli, sanly ulgamlardan, döwrebap tehnologiýalardan we innowasiýalardan baş çykarýan, bilimli we ylymly, döwrüň dolandyryş syýasatyna düşünýän ýaşlarda görýärin diýip bellemegi türkmen ýaşlaryna ynamynyň ýokarydygynyň subutnamasydyr.
Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň täze syýasy we ykdysady ugrumyz ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir» diýen parasatly jümleleri türkmen ýaşlaryny täze ylham döredijiligine ruhlandyrdy.
Garaşsyz döwletimizi ýakyn 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän Milli maksatnamanyň kabul edilmegi geljekki ösüşli ýollaryň kepili bolar. Munuň özi ýurdumyzyň we tutuş dünýäniň ösüşinde ykdysadyýetiň barha artýan orny, geljek döwürde bu pudagyň adamzadyň ösüşindäki ähmiýeti barada oýlanmagymyza uly badalgadyr. Ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde uly mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ýazdurdy Altybaýew,
Türkmenistanyň Milli Geneşiniň Halk Maslahatynyň Halkara meseleler baradaky komitetiniň agzasy.