Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşjak ýene-de 2 ýygyndy belli boldy. Şol 2 ýygyndyny bir duşuşygyň netijesi kesgitledi. Aziýa zolagy boýunça 3-nji saýlama tapgyrynyň “B” toparçasynda Ýaponiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Awstraliýany 2-0 hasabynda ýeňdi. Oýnuň soňky minutlarynda, 89-njy we 90+4-nji minutlarda Kaoru Mitomonyň geçiren 2 golundan soň hem Ýaponiýanyň, hem-de Saud Arabystanynyň ýygyndysy Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. 1998-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýän Ýaponiýa 7-nji (1998, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018, 2022), Saud Arabystany 6-njy gezek (1994, 1998, 2002, 2006, 2018, 2022) Dünýä Kubogynda çykyş eder.
Awstraliýanyň ýygyndysy bolsa toparçada 3-nji ýeri eýeläp, “A” toparçanyň üçünjisi bilen tomusda pleý-off duşuşygyny geçirer. “A” toparçada-da Eýrandyr Günorta Koreýanyň ýygyndylarynyň Dünýä Kubogyna gatnaşjakdygy ozal belli bolupdy. Toparçada 3-nji ýer ugrunda BAE-niň, Liwanyň, Yragyň ýygyndylary ýiti göreş alyp barýarlar.