Daş-tö­we­re­gi ala­ýa­za bes­läp, ga­dy­my türk­men top­ra­gy­na Now­ruz gel­di. Hal­ky­myz asyr­la­ryň do­wa­myn­da bu baý­ra­my mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za la­ýyk­lyk­da, joş­gun­ly da­ba­ra­la­ra, uly şa­ga­laň­la­ra bes­läp bel­läp ge­lip­dir. Bu gün­ki gün aja­ýyp baý­ram ÝUNESKO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Şeý­le-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­sy bi­len, her ýy­lyň 21-nji mar­ty Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni hök­mün­de bel­le­nil­ýär.
Gün­do­gar halk­la­ryn­da 21-nji mart – gi­je bi­len gün­di­ziň deň­leş­ýän gü­ni – Tä­ze ýy­lyň baş­lan­ma­gy ha­sap edil­ýär.
Now­ruz ge­len­de, ýe­re ýy­ly gi­rip, te­bi­gat­da jan­lan­ma peý­da bol­ýar. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de bu ata-ba­ba do­wam edip gel­ýän Mil­li ba­har baý­ra­my – Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni ýur­du­myz­da ýe­ne-de toý da­ba­ra­la­ra bes­le­nip, äh­li­halk we döw­let de­re­je­sin­de bel­le­nil­ýär.
Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri täzelenişiň, dost-doganlygyň hem-de agzybirligiň baýramy hökmünde uly dabara bilen bellenilýär. Şonuň üçin-de bu ajaýyp baýram halkymyzyň, şol sanda goňşy we sebit ýurtlarynyň medeni gymmatlygy hökmünde wajyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda hem Nowruz baýramynyň halklar bilen dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, medeni gatnaşyklary ýaýbaňlandyrmakda ähmiýeti uludyr.
Now­ruz ga­dym­dan gel­ýän aja­ýyp däp-des­sur­la­ry özün­de jem­le­ýär. Ola­ryň bi­ri-de se­me­ni bi­şir­mek dä­bi­dir. Se­me­ni­ bi­şir­ilen­de taý­ýar bo­lan ta­ga­my il­ki bi­len goň­şy-go­lam­la­ra paý­la­ny­p­dyr. Now­ruz­da üý­şüp se­me­ni bi­şir­me­giň, ony uly il bo­lup paý­laş­ma­gyň ýö­rel­ge­le­ri tä­ze ýyl­da bol ha­syl al­mak, ag­zy­bir­li­gi ber­kit­mek ýa­ly ýag­şy ni­ýet­ler bi­len bag­ly­dyr.
«Ýy­lyň gel­şi Now­ru­zy­ndan bel­li, ýa­ryň gel­şi – sow­ga­dyn­dan», «Now­ruz ge­çiň şa­hy­ny ez­se, ha­sy­la ga­raş», «Now­ruz­dan soň gyş bol­maz, mi­zan­dan soň – ýaz», «Ba­har­da­ky he­re­ket, güýz­ki – be­re­ket», «Ýaz di­ýip, ot­suz gal­ma, gyş di­ýip – suw­suz» ýa­ly en­çe­me na­kyl­lar­dan hem gör­nü­şi ýa­ly ba­har pas­ly be­re­ke­tiň hem-de tä­ze­le­ni­şiň pas­ly­dyr.
Türk­men hal­ky Now­ru­zy te­bi­ga­tyň tä­ze­den jan­lan­ýan, ýa­şaý­şa söý­gi­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýan baý­ram hök­mün­de bel­läp ge­lip­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hem bu baý­ram­çy­lyk hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, ta­ry­hy-me­de­ni kök­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny da­ba­ra­lan­dyr­ýar.
ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň gör­nük­li nus­ga­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Now­ruz baý­ra­my Di­ýa­ry­myz­da hal­ky­my­zyň be­lent joş­gu­ny­ny ala­mat­lan­dyr­ýan, bag­ty­ýar döw­rü­mi­ziň was­py­ny ýe­tir­ýän da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär.
Bu baý­ram ada­ty baý­ram däl, hal­ky­my­zyň ta­ry­hy­ny, dur­muş pel­se­pe­si­ni, duý­gy-dü­şün­je­le­ri­ni, dün­ýä­ga­raý­şy­ny özün­de jem­län, mil­le­ti­miz bi­len ýa­şa­ýan, döw­le­ti­miz bi­len ösüp-öz­ger­ýän baý­ram. Bu baý­ram ga­dym za­man­lar­dan bä­ri il-ul­su­my­zyň eziz­läp, bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­ren baý­ra­my. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­syn­da us­sat zer­gär­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, nak­gaş­la­ryň, ha­ly­çy­la­ryň, şeý­le-de se­net­çi­le­riň baý­ram­çy­lyk ser­gi­si­ni syn­la­nyň­da, ine, şeý­le pi­kir­ler ha­ky­daň­da aý­lan­ýar. Olar öz eser­le­ri­ni ba­har pas­ly­na hem-de ene top­ra­gyň gö­zel­li­gi­ne, hal­ky­my­zyň baý­ram­çy­lyk däp­le­ri­ne ba­gyş­lap­dyr­lar.
Halk ara­syn­da «Ýy­lyň gel­şi Now­ru­zyn­dan bel­li» di­ýen aýt­gy bar. Now­ruz – ýy­lyň baş­lan­gy­jy, tä­ze be­re­ke­diň ba­dal­ga­sy. Now­ruz ýa­gyn­ly gel­se, ha­la­ýyk hoş­nut bo­lup, ony haý­ra ýor­ýar. Now­ruz tä­ze oba ho­ja­lyk möw­sü­mi­niň hem ge­len­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Te­bi­gat­dan bagt ta­pan çar­wa­lar maş­ga­la­sy bi­len ýaý­la ýaz­la­ga çyk­sa­lar, daý­han­la­ry­myz ir­ki ekin­le­riň ala­da­sy bi­len bol­ýar­lar. 23-nji mart­da bol­sa Now­ruz­dan gal­ky­nan zäh­met­keş­le­ri­miz go­wa­ça eki­şi­ne gi­riş­di­ler.

Jeý­hun GEL­DI­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.