Dünýäniň dürli ýurtlarynda her ýylyň bahar aýlarynda wagt bir sagat öňe, güýzde bir sagat yza süýşürilýär. Munuň esasy sebäbi gyşda we tomusda Günüň dogup, batýan wagtynyň üýtgemegi zerarly iş wagtyna görä sazlap, ýagtylykdan has köp peýdalanmakdan ybaratdyr. Netijede, elektrik energiýasynyň sarp edilişini azaltmak göz öňünde tutulýar. Eýsem, şeýle düzgün ilki haçan ýola goýulduka?!
Gün şöhlesinden has netijeli peýdalanmak üçin has irki döwürlerden bäri alada edilipdir. Şeýle-de bolsa, sagat diliniň süýşürilmegi baradaky teklibi ilkinji bolup, 1895-nji ýylda täze zelandiýaly alym Jorj Wernon Hadson orta atýar. Mör-möjekleri öwrenmek bilen meşgullanýan alym iş wagtynyň ýetmeýändigini aňýar. Soňra Wellington filosofiýa jemgyýetine hat ýazyp, sagadyň dilini iki sagat süýşürmegi teklip edýär. Onuň bu teklibini köp adam goldaýar. Şeýle bolansoň, onuň haty makala görnüşinde 1898-nji ýylda çap edilýär. Şeýle-de bolsa, onuň bu teklibi 1927-nji ýylda durmuşa geçirilýär.
1905-nji ýylda Londonda ýaşaýan Wilýam Willet atly inžener hem şeýle teklibi orta atýar. Ol Hadsonyň tomusky sagat düzgüni baradaky teklibinden bihabar eken. Çizlherst etrabynda ýaşaýan Willet ýaz aýlarynyň bir güni gezelenç edýän mahaly Günüň dogandygyna garamazdan, öýleriň köpüsiniň perdeleriniň ýapyk durandygyny, adamlaryň entek turmandygyny görýär. Ol öz-özüne şeýle sowal berýär: «Tomsuň başynda sagatlary yza süýşürseň nähili bolarka?!» Golf oýnamagy halaýan Willete günüň ir ýaşmagy golf oýnamagyna hem päsgel beripdir. 1907-nji ýylda Willett «Gün şöhlesiniň zaýaçylygy» atly kitapça çap etdirýär. Onda Gün şöhlesiniň zaýalanmagynyň öňüni almak üçin aprel aýynda dört gezek, hersinde wagtyň 20 minut öňe süýşürilmegini, sentýabrda gaýtadan ozalky wagtyň dowam etmelidigini teklip edýär. Ol şeýlelikde, ýagtylyk üçin edilýän çykdajyny azaldyp boljakdygyny öňe sürüpdir. Willet bu teklibini Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda, Amerikada hem ýola goýmak üçin köp tagalla edipdir. Willetiň teklibi Ýewropada ilkinji bolup, 1916-njy ýylyň 30-njy aprelinde Germaniýada ýola goýulýar. Sagat diliniň süýşürilmegi şol döwürler has köp ulanylýan kömri tygşytlamakdan ybarat bolupdyr. Angliýada şeýle düzgün şol ýylyň 17-nji maýynda güýje girýär. Soňra bolsa, Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde ABŞ, Urugwaý, Täze Zelandiýa, Çili we Kuba ýaly ýurtlarda hem bu düzgün ýola goýulýar.
Dünýä ilatynyň dörtden bir bölegi tomus sagady düzgüni bolan ýurtlarda ýaşaýar.
Günden has köp peýdalanmak üçin wagty süýşürmek irki döwürlerde hem ulanylypdyr. Gadymy medeniýetlerde pasla baglylykda, günler uzaldylyp gysgaldylýan eken. Mysal üçin, Rim imperiýasynda bir sagat gyşyna 44 minutdan, tomsuna 75 minutdan ybaratdy.
Sagat, adatça hepdäniň dynç güni gije 02:00-da öňe, 03:00-da yza süýşürilýär. Şeýlelikde, gündelik durmuşda wagt bilen bagly ýüze çykjak düşünişmezligiň öňi alynýar.
Ekwatora ýakyn ýerlerde we güneşli ýurtlarda şeýle düzgüne geçilmeýär.
Awstraliýanyň Lord-Hou adasynda ýarym sagatlyk tomusky wagt düzgüni ulanylýar.
Gün şöhlesinden has köp peýdalanmak elektrik energiýasyny tygşytlamaga ýardam edýär. Öýde we iş ýerlerinde gündizine tutulary açmak, öý goşlary ýerleşdirilende äpişgeleriň öňüni boş goýmak, perdeleriň aňsatlyk bilen açylyp-ýapylmagy ýagtylykdan has köp peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Gün şöhlesiniň otagyň içine düşmegi diňe ýyladyş we ýagtylyk üçin däl, eýsem, saglyk üçin hem peýdalydyr.
Arzygül Çaryýewa,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.