Keniýanyň Mwea şäherindäki gaýtadan işleýän zawodyň hünärmeni Samuel Rigu oba hojalygynyň galyndylaryny organiki dökünlere öwürmegiň usulyny oýlap tapdy. Bu döküniň bahasy organiki däl alternatiwalarynyň ýarysyndan hem arzan.

Müşderileriniň we alymlarynyň pikiriçe, bu täze organiki dökün topraga has täsirli we ýokumlylygy güýçlüdir. Rigu soňky günlerde müşderileriniň islegleriniň ýokarlanandygyny, muny nazarda tutup, önümçiligi iki essä golaý artdyrandyklaryny aýdýar. Onuň müşderilere adatça köp ýyldan bäri sintetiki dökünleri ulanýan we şol sebäpli ýerleri ejizlän kiçi daýhan hojalyklarydydyr.

Soňky ýyllarda organiki dökünlere bolan gyzyklanma artypdyr. Rigu şaly üwelenden soňra emele gelýän köp mukdardaky gabyklary görüp mundan täze organiki dökün öndürip boljakdygy barada pikir edipdir. Daýhan her ýylda ummasyz şaly gabygynyň ýakylýandygyny, munuň daşky gurşawy hem hapalaýandygyny görüp, dökün işewürligine girmek kararyna geldi.

Şaly gabyklary pes kislorodly ýangyjy ulanmak arkaly, sekiz sagada golaý ýakylýar. Garalan gabyklar sowadylandan soňra kadaly çyglylyk derejesine ýetýänçä başga maddalar garyşdyryp, organiki dökün taýýarlanýar. Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda organiki dökünden her hepde 35-40 tonna öndürilýär.

«Rigunyň oýlap tapan organiki döküni diňe bir topraga ýokumly maddalar goşmak bilen çäklenmän, eýsem, köptaraply peýdasy kän. Bu organiki döküniň topragyň çyglylygyny saklamaga, eroziýa garşy göreşmäge, mikroorganizmleri höweslendirmäge we kislotanyň derejesini dikeltmäge uly nepi deger» – diýip, Bütindünýä Agrotokaýçylyk Merkeziniň toprak ylymlary boýunça alymy Leý Ann Winowieçkiý aýdýar.

Şaly gabygyndan taýýarlanan organiki döküni pomidor ekini üçin ulanan ýerli daýhan Dawid Irungu bolsa, organiki döküniň täsiri uludygyny, ekinleriniň gowy ösýändigini we hasylymyň öňkülerden ep-esli ýokary boljagyna ynanýandygyny aýdýar.

Guwanç HYDYRWELIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby