Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün etmek üçin yzygiderli tagalla edilýär. Şolaryň hatarynda hem fiziki-himiki barlaglary geçirmek üçin enjam hökmünde ulanylýan ýadro magnit rezonans spektrometridir. Bu enjamyň kömegi bilen organiki birleşmeleriň molekulýar strukturasyny we düzümini anyklap bolýar. Ondan daşary hem spektrometr organiki däl, biologiki we lukmançylyk himiýada giňden ulanylýar.

Himiki maddalaryň käbir atomlarynyň ýadrolarynda diňe elektriki zarýad bolman, eýsem onuň mehaniki spini hem bolýar. Bu ýadrolar magnit meýdany döredýärler. Esasanam, bu häsiýet protonlarda we neýtronlarda bolup bilýär.

Ýadro magnit rezonans spektrometriň esasy bloklary polýuslaryň arasynda birjynsly meýdany döredýän hemişelik magnitden, ýadronyň spinleriniň arasynda geçişleri induksiýa arkaly amala aşyryp bilýän tolkunyň uzynlygyna laýyk gelýän radioýygylykly yrgyldylaryň çeşmesinde, siňdirilen radioýygylykly yrgyldylarylardan, ýagny rezonans signaly tutýan we güýçlendirýän gurluşdan, maglumatlary ýazgy edýän, ýatda saklaýan, işläp taýýarlaýan we çykaryp berýän enjamlardan ybarat bolýar.

Öňünden himiki usullar bilen taýýarlanyp öwrenilýän nusga ýörite himiki gaba, ýagny aýnaly ampula ýerleşdirilýär. Bu ampula bolsa magnitiň polýuslarynyň arasyndaky giňişlikde aýlanýar. Spektrometriň magnit meýdanynyň induksiýasy, mysal üçin, takmynan 1,4 Tesla bolanda nusgaly ampulanyň daşyny gurşap alýan tegege 60 megagers ýygylykly üýtgeýän togy berýärler hem-de şol ýygylyga detektory sazlaýarlar. Üýtgeýän toguň radioýygylygy protonlaryň rezonans signallaryny tutmak üçin ulanylýar. Razwýortkanyň (ýazmanyň) generatorynyň kömegi bilen tegeginiň üstünden pes togy geçirip üýtgeýän toguň ýygylygyny üýtgetmän magnit meýdany üýtgedýärler. Soňra bolsa pes toguň güýjüni ýuwaş-ýuwaşdan galdyrýarlar. Himiki maddanyň ýadrosy magnit rezonansa girýänçä başda detektorly ulgamy sazlaýarlar. Şol pursatda hem ulgamyň deňagramlylygy bozulýar we rezonans ýygylygy döreýär.

Bu usulda hemişelik magnit meýdanda ýerleşen öwrenilýän nusga üznüksiz şöhlelendirmä sezewar bolman, eýsem wagtyň kesgitlenen aralyklaryndan gaýtalanýan güýçli impulsyň gysga wagtlaýyn täsirine sezewar bolýar.

Maksat Gullyýew,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Elektrotehnika we elektronika kafedrasynyň mugallymy.