Bilşimiz ýaly, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänama berildi. Munuň özi Türkmenistanyň durnukly ösüş boýunça Gün tertibiniň meselelerini amal etmekde bitirýän işleriniň nobatdaky ykrarnamasy boldy.
Türkmenistan halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde dünýä derejesinde durnukly ösüşe mynasyp goşant goşmak üçin döwrümiziň derwaýys meseleleri bilen baglanyşykly birnäçe möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýär. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolmak bilen, ýurdumyz dürli derejede, esasan hem, halkara guramalaryň çäginde häzirki we geljekki nesiller üçin yzygiderli möhüm wezipeleri goýýar we olary çözmäge synanyşýar. Şonuň üçin Türkmenistan diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary girizmek bilen çäklenmän, eýsem, durmuşa geçirmek üçin çäreleri hem görýär.
Ýurdumyzyň dürli ugurlarda dünýäniň ähli döwletleri hem-de halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän guramalarynyň hatarynda Bütindünýä Söwda Guramasyny hem görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, halkara söwdany ýönekeýleşdirmek we bu ulgamda agza döwletleriň gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, 1995-nji ýylda döredilen Bütindünýä Söwda Guramasy täze söwda ylalaşyklarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna hem-de ornaşdyrylmagyna jogap berýär, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlary tarapyndan gol çekilen we olaryň parlamentleri tarapyndan tassyklanylan şertnamalaryň bu guramanyň agzalary tarapyndan berjaý edilişine gözegçilik edýär. Ata Watanymyzyň bu abraýly halkara guramasyna agza bolmagy babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda degişli işler ýola goýuldy.
Ýurdumyzyň bu guramanyň düzümine goşulmagy bilen baglanyşykly hökümet toparynyň mejlisleriniň, şeýle hem ady agzalan guramanyň wekilleri we halkara bilermenler bilen geçirilen geňeşmeleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň BSG-ä synçy derejesinde gatnaşmagynyň ilkinji ädim hökmünde kesgitlenmegi milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döretjekdigini alamatlandyrýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda bu ugurda degişli kanunçylyk namalary kämilleşdirilýär hem-de söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022–2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylandygy baradaky hoş habarlaryň gelip gowuşmagy ýurdumyzyň we halkymyzyň abraý-mertebesini ýene-de bir gez beýgeltdi.
UNCITRAL – 1966-njy ýylda Baş Assambleýanyň ikinji sessiýasynda döredilýär. Onuň esasy wezipeleriniň biri hem Halkara söwdasynyň ugrunda hukuk päsgelçilikleriniň azalmagyna we ýok edilmegine ýardam etmek üçin BMG-niň işjeň ornuny berkitmekden ybaratdyr. Komissiýanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan berlen mandatyna laýyklykda ol « BMG-niň ulgamynyň çäklerinde Halkara söwda hukugynyň çygrynda merkezi söwda edarasy» bolup şulary amala aşyrýar: Halkara söwda çygrynda Halkara Guramalaryň işini düzgünleşdirmek we olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy goldamak, Halkara konferensiýalaryndaky we Halkara söwdasyndaky kanunlaryň ýeke-täk düşündirilişini we ulanylyşyny üpjün edýän serişdeleri tapmak.
Komissiýa tarapyndan birnäçe resminamalar taýýarlandy we kabul edildi. Olar Halkara satyn almak, satmak şertnamalary barada BMG-niň 1980-nji ýyldaky konwensiýasy, UNCITRAL-yň arbitraž reglamenti, Ýükleri deňizde daşamak baradaky konwensiýasy, Harytlaryň halkara multimodal daşalmagy baradaky konwensiýasy, Elektron söwda boýunça UNCITRAL Model Kanuny.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Şeýle hem döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär.
Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda Diýarymyzda ykdysadyýetiň mundan beýläk-de berkidilmeginde, onuň dünýä hojalyk ulgamyna birikmeginiň has-da çuňlaşdyrylmagynda, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň kämilleşdirilmeginde, telekeçilik işiniň ähli görnüşleri üçin amatly şertleriň döredilmeginde we daşary ýurt döwletleriniň işewür toparlary bilen söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde giň gerimli işler alnyp barylýar we bu babatda kanunçylyk ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär.
Alnyp barylýan şu işler ýurdumyzyň dünýäde geljekde eýelejek ornunyň berkidilmegine, ählumumy işlere işjeň gatnaşmak bilen birlikde, özüniň bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklaryny has oňaýly peýdalanmak mümkinçiligine gönükdirilendir.
Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.