Mehiko şäherinde Gabriel Garsiýa Markesiň agtyklaryndan biri ýazyja ýollanan 150 sany hatyň üstünden bardy. Bu hatlar ýazyjynyň öýünde köpçülige hödürlendi. Bu sergi Markese Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň gowşurylmagynyň 40 ýyllygyna bagyşlanýar.
Sergä goýlan hatlaryň arasynda Gabriel Garsiýa Markesiň Kubanyň lideri Fidel Kastro bilen ýazyşan hatlary, Çili şahyry Pablo Nerudanyň Markese doglan güni mynasybetli gutlap ýazan haty we ABŞ-nyň öňki Prezidenti Bill Klintonyň ýüzlenmesi bar.
Meşhur ýazyjynyň agtygy Emiliýa Garsiýa Elizondonyň aýdyşy ýaly, hatlar sergi üçin Markesiň suratlaryny gözleýän mahaly üstünden barypdyr.
Dünýä edebiýatynyň görnükli ýazyjysy
Onuň “Ýalňyzlygyň ýüz ýyly”, “Polkownige hat ýazýan ýok”, “Mergi döwründäki söýgi” we beýleki eserleri iň meşhur kolumb ýazyjysy hökmünde adyny dünýä ýaýýar hem-de bütin adamzadyň hökman okamaly kitaplary hökmünde ykrar etdirýär. Ýazyjy, žurnalist, syýasy işgär, abraýly edebiýat baýraklarynyň eýesi Gabriel Garsia Markes 1927-nji ýylyň 6-njy martynda Kolumbiýanyň Arakataka şäherinde dünýä inýär.
Markes çagalyk ýyllaryndan döredijilik bilen gyzyklanyp ugraýar. Ol köp sanly rowaýatlary bilipdir, diliň täsin aýratynlyklary bilen gyzyklanýar. Çagalyk ýyllaryny mamasynyň we babasynyň ýanynda geçirip, bu onuň ýazyjy hökmünde öňe çykmagynda aýratyn ähmiýet eýe bolupdyr. Şeýle hem onuň döredijiligine Hemingueýiň, Kafkanyň we Folkneriň kitaplary çynlakaý täsirini ýetirýär.
Markesiň talyplyk ýyllary Bogotynyň Milli uniwersitetinde geçip, ol bu ýerde hukuk bölüminde okaýar, ýöne ol özüni žurnalistika bagyşlamak maksady bilen okuwyny dowam etdirmeýär. Ol Ýewropanyň köp ýurtlaryna uzak wagtlap syýahat edýär, soňra Wenesuela, ondan soňra hem Meksika gidýär.
Ýazyjynyň ilkinji powesti “Polkownige hat ýazýan ýok” ady bilen 1961-nji ýylda çykýar. Markesiň beýleki eserlerinde hem bolşy ýaly munda hem ýalňyzlyk meselesi orta atylýar. Şeýle hem powestde adamyň agyr ýagdaýlara garşy durşy hem-de adalatyň dabaralanmagy ýaly mowzuklar ör boýuna galýar. Soňra ol hekaýalar ýygyndysyny, birnäçe romanlaryny neşir etdirýär hem-de özüniň iň esasy romanlarynyň biri “Ýalňyzlygyň ýüz ýylynyň” üstündäki işine girişýär.
18 aýyň dowamynda döredilen kitap, Markesiň zähmetiniň netijesi bolup, dünýäniň 35 diline terjime edilýär we ýazyjynyň adyny dünýäde ykrar etdirýär. Kitapda toslama bilen hakykat biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär, şoňa görä-de tankytçylaryň we edebiýaty öwrenijileriň arasynda bu ugur jadyly realizm hökmünde häsiýetlendirilýär. Şeýle tär diňe bir Markesiň döredijiliginde däl, eýsem, beýleki latyn amerikan awtorlarynyň döredijiliginede mahsusdyr. “Ýalňyzlygyň ýüz ýyly” okyjylar hem-de tankytçylar tarapyndan häzirki zaman edebiýatynyň nusgawy eseri hökmünde biragyzdan ykrar edilip, latyn amerikan edebiýatynda täzeçe çemeleşmäniň başlangyjy hökmünde hemmeleriň göwnünden turýar.
Markes “Patriarhyň güýzi”, “Yglan edilen ölümiň hronikasy” ýaly okyjylar köpçüligi tarapyndan goldaw tapan eserleriň hem awtorydyr. Ýazyjy 1982-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar. Onuň eserleri bütin dünýäde neşir edilmegini dowam etdirýär, onuň köp sanly eserleri bolsa, ekranlaşdyryldy. Dünýä edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy 2014-nji ýylyň 17-nji aprelinde aradan çykdy.