«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar astynda geçýän şu şanly ýylda hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bagtyýar halkymyz üçin bahasyna ýetip bolmaýan gymmatly serpaý boldy. Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän bu kitap çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ýurdumyzyň iňňän gadymy taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, jemgyýetiň ahlak hem durmuş ýörelgeleri barada söhbet edilýär, möhüm ähmiýetli meseleler gozgalýar. Şol bir wagtda, bu gymmatly eser asyrlaryň dowamynda ençeme gymmatlyklary döreden halkymyzyň özboluşly medeniýeti, baý milli mirasy bilen içgin tanyşdyrýar.
Hormatly Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabyny okaýarkaň, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň baýdygyna, giňdigine, çuňdugyna we dowamat-dowamdygyna göz ýetirýärsiň. Çünki kitapda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan däp-dessurlar, urp-adatlar, kadalar, mukaddes ýörelgeler jikme-jik beýan edilýär.
Täze kitabyň «Ömrümiň manysy» diýlip atlandyrylmagynyň aýratyn ähmiýeti, uly manysy bar, çünki Gahryman Arkadagymyz manyly durmuş ýolunda ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen jemgyýetine sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraýyny has-da beýgeltmek, halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmak babatda ägirt uly işleri alyp bardy. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ençeme taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri Bütindünýä mirasynyň genji-hazynasyna girizildi.
Gahryman Arkadagymyz pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi türkmen halkynyň milli häsiýetinde we dünýägaraýşynda jemlenen umumadamzat ynsanperwer ýörelgeleri Ýer ýüzüniň köp halklarynyň arasynda uly goldaw tapýar.
Bu eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär.
Şeýle hem kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeleri beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr. Kitabyň girişinde hormatly Arkadagymyz diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar.
Milli Liderimiz täze filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olary umumylaşdyrmak bilen, ruhy kämillik, ýaradylyşyň kanuny, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýetler we ýagşy niýet meselelerine aýratyn üns berýär.
Kitap «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerden ybaratdyr. Eserde halk döredijiliginiň, görnükli şahsyýetleriň we filosoflaryň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň halklary bilen dostluk köprüsini gurup gelýän türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň gymmatyny we ähmiýetini has-da artdyrýar.
«Ömrümiň manysy» atly kitap tutuş dünýäniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Eserde okyjylar türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýşi hem-de ýaýraýşy, Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Eserde Abu Seýit Abylhaýyr (Mäne baba), Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi ýaly sufizmiň görnükli wekilleriniň, ulamalaryň hem-de syýasatşynaslaryň durmuşyna göz aýlap bolýar. Kitabyň «Gadymyýete nazar» atly iň uly bölümi şu mowzuga bagyşlanypdyr.
Türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, geljegi diňe geçmişe daýanyp gurmalydyr. Many-mazmuny boýunça örän gymmatly bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň peşgeş goýan mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we toplamak boýunça alnyp barylýan ylmy-edebi işler öz beýanyny tapýar.
Biziň halkymyzyň buýsanmaga zady köpdür. Şuny nygtamak bilen, hormatly Arkadagymyz jemleýji sözünde okyjylar bilen paýlaşmak islän köp sanly parasatly öwüt-ündewlerini we taglymlaryny «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda beýan etjekdigini belleýär.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen nobatdaky taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder.
Haýytbaý Gylyjow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.