Ösen döwrüň iň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň hatarynda kwant kompýuterleri çylşyrymly laboratoriýa enjamlary hökmünde orun alýar. Dünýäde dürli göwrümli maglumatlary we resminamalary işläp taýýarlamakda, şeýle-de olaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde kwant kompýuterleri iňňän işjeň häsiýete eýe boldy. Bu kompýuterleriniň ägirt uly mümkinçilikleri bolup, alymlar kwant kompýuterleriniň ýurtduň ähli pudagyndan lukmançylyk ulgamyna çenli dolulygyna üýtgeşmelere getirjekdigine ynanýarlar. Esasan hem, dünýäniň ösen ýurtlarynda ösüşiň iň möhüm ugry hasaplanylýan uzak planetalary öwrenmek, aşa çalt hasaplamalary ýerine ýetirmek we möhüm maglumatlary goramak üçin ulanyp boljak kwant kompýuterlerini giň häsiýetde işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda dünýäniň ösen ýurtlarynyň kazyýet ulgamlarynyň ählisinde diýen ýaly, kwant kompýuterleri arkaly iş alyp barmagy ösdürmek ýola goýulýar. Çünki bu kompýuterler maglumatlary işläp taýýarlamakda, şeýle-de olaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny üpjün etmekde iňňän ýokary işleýiş häsiýetine eýedir.
Şifrlenen kwant aragatnaşyk torlary
Entek dünýä ýüzünde dolulygyna ýaýramadyk hem bolsa, kwant kompýuterleri hem edil “bulut ulgamlary” ýaly, işleýji iňňän ýokary tizlikli we howpsuzlygy ýokary amatlykly tehnologiýa ulgamlary hökmünde ykrar edilendir. Kwant aragatnaşygy maglumatlaryň ygtybarly geçirilmegini kepillendirýär. Kwant kompýuterleriniň kömegi bilen, şifrlemek mümkin däl, emma häzirki wagtda giňden ýaýran maglumatlary goramagyň usullary üçin ýokary amatlylygy hödürleýär.
Döwlet guramalary, iri täjirçilik kompaniýalary we banklar mümkin boldugyça, diňe bir häzirki däl, eýsem, geljekdäki töwekgelçiliklerden hem goranmak üçin kwant kompýuterlerinden peýdalanmagyň ygtybarly bolup biljekdigini tassyklaýarlar. Häzirki döwürde Russiýa, Hytaý, ABŞ we Ýewropa ýurtlarynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly kwant torlary işe girizilýär.
Kwant düwmelerini döretmek we paýlamak üçin kwant tor enjamlary
Kwant torlaryny gurmak enjamsyz mümkin däldir. Mundan başga-da, kwant bilen goralýan maglumatlary geçirmäge we şeýle açarlary döretmäge ukyply enjamlaryň döredilmegi gaty çylşyrymly we henizem doly çözülmedik meseleleriň hatarynda durýar. Gözleg merkezleri bu meseläni çözmegiň üstünde işleýärler. Ylmy merkezleriň başarnyklary fiziki kynçylyklary çözmäge mümkinçilik berýär. Tejribelere salgylanyp, aragatnaşyk torlaryny gurmak üçin taýýar çözgütlerden peýdalanylýar. Häzire çenli döredilen çözgütler kwant bilen goralýan maglumatlary kompaniýalaryň içinde we operator torlarynyň üsti bilen, hil we aragatnaşyk tizligini ýitirmezden, geçirip bilýärler.
Kwant simulýatorlaryna girmek üçin bulut platformalary
Kwant bulut platformasynyň kömegi bilen, alymlar we talyplar kwant hasaplamasy bilen işlemek üçin programmalary işledip we synagdan geçirip bilerler. Belläp geçsek, Russiýanyň Kwant merkezi, tejribesiz ulanyjylar üçin kwant hasaplaýyş “bulut platformasyny” döretdi. Şunda ulanyjy tarapyndan matematika, inženerçilik ýa-da ykdysadyýet dilinde düzülen meseläni kwant kompýuteriniň programmasyna öwürýärler.
Kwant simulýatorlary nusgawy kompýuterde kwant ulgamyny döredýän hasaplaýyş enjamlarydyr. “Bulut platformalary” şeýle simulýatorlara uzakdan birikmäge we hemmeler üçin kwant ulgamy bilen işlemäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin alymlar, programmaçylar hakyky kwant kompýuterleri bilen nädip işlemelidigine we amaly meseleleri çözmegiň usullaryna has gowy düşünip bilýärler. Kwant kompýuterleri has elýeterli we giňden ýaýransoň, şeýle işleriň netijeleriniň iňňän uly ösüşlere getirmegine garaşylýar.
Fiziki kwant hasaplaýyş platformalary
Şeýle platformanyň merkezinde inçe dielektrik gatlagy bilen bölünen iki supergeçirijiniň gurluşy bolan Jozefson çatrygy ýerleşýär. Şeýle kubitler mikro we nanoelektronikadaky adaty elementler ýaly elektron çipde köpçülikleýin öndürilip bilner.
Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Fizika institutynyň alymlary ionlary elektromagnit täze usulda düzýärler.
Kwant platformalarynyň üsti bilen, maglumat, anyklaýyş we resminamalar boýunça iş alyp barýan taraplar, şeýle-de howa gatnawlary we logistika ulgamlarynyň kompaniýalary iň ýokary amatlykly iş düzümini ýola goýup bilerler. Şeýle-de kwant ulgamlary söwdany seljermek, IT kompaniýalarynyň ösüş çemeleşmelerinde, maglumat bazalarynda maglumatlary gözlemek hem-de ygtybarlylygyny üpjün etmek we ähli pudaklaryň iş düzümini täzeçe ösdürmekde oňyn özgertmeleriň başlangyjy hasaplanýar.
Ýarangeldi ATAÝEW,
Bäherden etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi,üçünji derejeli ýurist.