Mü­sü­riň pi­ra­mi­da­la­ry­nyň nä­hi­li gur­lan­dy­gy ba­ra­da hä­zi­re çen­li dür­li pi­kir­ler or­ta atyl­dy. Köp wagt­dan bä­ri her bi­ri­niň ag­ra­my 15 ton­na go­laý bo­lan ker­piç­le­riň ni­re­den ge­ti­ri­len­di­gi öw­re­nil­ýär­di. Tä­ze ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň bi­rin­de äpet daş­la­ryň Nil der­ýa­sy­nyň uzak ýyl­lar öň gu­rap gi­den şa­ha­sy arkaly ge­ti­ri­len­di­gi anyk­lan­dy. Alym­lar Uly Gi­za pi­ra­mi­da­sy­nyň go­la­ýyn­dan Hu­fu ka­na­ly­nyň yz­la­ry­ny tap­dy­lar. Bu ka­nal Mi­la­dy­dan ozal­ky 600-nji ýyl­lar­da gu­rap­dyr. Piramidalary gurmak üçin 2,3 mil­li­on tö­we­re­gi äpet daş bö­lek­le­ri 800 ki­lo­metr uza­kdan ka­nal ar­ka­ly bu ýe­re ge­ti­ri­lip­dir. Bu açyş ta­ry­hy mag­lu­mat­lar­a hem ga­bat gel­ýär. Dört müň ýyl ozal­ky pa­pi­ru­syň ýü­zü­ne çe­ki­len su­rat­da derýada Gy­zyl de­ňiz­den gel­ýän daşly gä­mi­ler şe­kil­len­di­ril­ýär. Hy­taý, fran­suz we mü­sür­li alym­lar pi­ra­mi­da­la­ryň tö­we­re­gin­dä­ki daş gat­lak­la­ry­ny öw­re­nip, ka­na­ly­ň akan döw­rü­ni ýü­ze çy­kar­dy­lar. Ne­ti­je­de, ka­na­lyň ir­ki wagt­da Gi­za ba­ryp ýet­jek de­re­je­de uly bolandygy anyk­lan­dy. Alym­lar Ni­liň bu şa­ha­sy bol­ma­dyk bol­sa, pi­ra­mi­da­la­ry gur­ma­gyň müm­kin bol­ma­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.
ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len Uly Gi­za pi­ra­mi­da­sy mi­la­dy­dan ozal­ky 2550-2490-njy ýyl­lar­da gur­lup­dyr. Alym­lar ýüz­ler­çe ýylyň do­wa­myn­da pi­ra­mi­da­la­ryň dür­li se­bäp­le­re gö­rä kiçelendigini, il­ki gur­lan wag­ty hä­zir­ki­den has uly bo­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Öňki ýyl­lar­da ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da kä­bir pi­ra­mi­da­la­ryň ýy­ky­lan­dy­gy we gu­muň aşa­gyn­da ga­lan­dy­gy anyk­la­nyp­dy. Daş­la­ryň suw ar­ka­ly ge­ti­ri­len­di­gi ozal hem bi­lin­ýär­di, em­ma ka­na­lyň ugry belli däl­di. «Procee­dings of the Na­tio­nal Acade­my of Sciences» žur­na­lyn­da bu açyş ba­ra­da ma­ka­la çap edil­di.

Mer­gen KUL­MY­RA­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mig­ra­si­ýa gul­lu­gy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň har­by gul­luk­çy­sy, ka­pi­tan.