20-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasy Nýu-Ýork şäherinde badalga aldy.
Maslahat BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreşiň we BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygy Çaba Körýöşiniň çykyşlary bilen başlady. Guterreş alty gün dowam etjek sammite ýygnananlary mähirli garşylady. Bu ýerde dürli ýurtlaryň wekilleri halkara jemgyýetçiliginiň öňünde durýan birnäçe möhüm meseleler boýunça öz pikirlerini beýan edýärler. Guterreşiň aýdyşy ýaly howanyň üýtgemegine garşy göreş, pandemiýa ýaly meseleler ýakyn aýlarda halkara ulgamy üçin aýratyn synag bolar. Onuň sözlerine görä, BMG-niň Baş Assambleýasy dünýä jemgyýetçiliginiň hereketlerinde esasy orny eýeleýär.
Ondan soň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şolsyň çykyşlary boldy.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we beýleki Ýewropa liderleri öz çykyşlarynda global meseleler boýunça Ýewropanyň garaýyşlaryny öňe sürdiler. Däp bolşy ýaly, maslahatyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Makron ilkinjileriň hatarynda Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi bilen duşuşyk geçirdi.
Bir ýyl dowam etjek täze sessiýanyň gün tertibini howanyň üýtgemegi, koronawirusa we beýleki ýokançlyklara garşy göreş, durnukly ösüş meseleleri, häzirki zaman çökgünliklerini öz içine alýan dürli halkara temalaryny öz içine alýar. Esasy çäre 20-26-njy sentýabr aralygynda geçirilip, oňa dürli ýurtlardan döwlet Baştutanlary, hökümet we daşary işler ministrleri gatnaşýar. Şeýle-de onlarça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ýygnaklar geçirilip, delegatlar ähli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
1946-njy ýylda Baş Assambleýanyň düzüminde 51 döwlet bolan bolsa, häzir onuň sany 193-e ýetýär. Kyrkynjy ýyllaryň ahyrynda guramanyň gün tertibi, esasan, dekolonizasiýa meselelerine bagyşlandy. 76 ýylda Baş Assambleýa ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň gerimini ep-esli giňeltdi we häzirki wagtda sosial we ykdysady ösüş meselelerine, terrorçylyga, korrupsiýa, neşe söwdasyna we AIW/AIDS-e garşy göreş, aýal-gyzlary, bosgunlary we migrantlary, maýyplary, ýerli halklary we çagalary goramak, demokratiýanyň esasy ýörelgelerini wagyz etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreş bilen meşgullanýar.