Iki günden başlanjak Dünýä Kubogynyň başlamagynyň öňüsyrasynda, hemişe bolşy ýaly, eýýäm 2-nji futbolçy şikes almagy sebäpli düzümden çykaryldy. Fransiýada Presnel Kimpembeden bilen 3 gün öň şikes alan Kristofre Nkunkudan soň, Argentinanyň düzüminde-de birbada 2 futbolçy Dünýä Kubogynyň daşynda galar. Geçirilen türgenleşikde ýarymgoragçy Nikolas Gonzalesiň hem-de Hoakin Korreanyň şikes alandygy habar berildi. Şikesi sebäpli çempionatyň daşynda galan Gonzalesiň ornuna tälimçi Skaloni “Atletiko Madridiň” ýyldyzy Anhel Korreany, Hoakin Korreanyň ornuna-da “Atlanta Ýunaýtedde” oýnaýan Tiago Almadany düzüme çagyrdy. Mälim bolşy ýaly, 27 ýaşynda hüjümçi Anhel Korrea soňky pursatda esasy düzümiň daşynda galypdy.