Mertebe
2012-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Is­pa­ni­ýa­da uly baý­rak­ly ýa­ryş ge­çi­ri­lip, oňa ezber tür­gen­ler gat­na­şyp­dyr­. Şon­da pel­le­ha­na­da gy­zyk­ly wa­ka bo­lup ge­çip­dir. Ke­ni­ýa­ly Abel Mu­tai Lon­dan­da ge­çi­ri­len Olim­pia­da oýun­la­ryn­da bü­rünç me­dal alan tür­gen­le­riň bi­ri bo­lup, päs­gel­çi­lik­li 3 müň metr yl­gaw­da beý­le­ki­ler­den has öňe saý­la­nyp­dyr. Ýö­ne ol pel­le­ha­na 10 metr ga­lan­da ba­dy­ny gow­şa­dyp­dyr.
Abel Mu­tai pel­le­ha­na­nyň çy­zy­gyn­dan ge­çen­di­rin öý­düp, to­ma­şa­çy­la­ra eli­ni gal­dy­ryp mü­bä­rek­läp­dir. Olar bol­sa, öz no­ba­tyn­da is­pan­ça­lap oňa pel­le­ha­na az ga­lan­dy­gy­ny aýt­ma­ga dyr­ja­şyp­dyr­lar. Ikin­ji bo­lup pel­le­ha­na go­laý­lan is­pa­ni­ýa­ly Iwan Fer­nan­des Anaý­ýa ke­ni­ýa­ly­nyň bu ýal­ňyş­ly­gyn­dan peý­da­la­nyp, bi­rin­ji or­ny eýe­läp bil­jek eken. Ýö­ne ol mu­ňa de­rek pel­le­ha­na­nyň çy­zy­gy­ny gör­ke­zip, Abel­iň ýa­gyr­ny­syn­dan ça­la­ja itip­dir… Yl­gaw ýa­ry­şyn­dan soň­ra Iwan al­tyn me­dal al­mak­dan, öz mer­te­be­si­ni sak­la­ma­gyň has mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp­dyr.

Ar­zuw
Uçar­man­la­ryň bi­ri ba­ýyr­la­ryň ara­syn­da ýer­leş­ýän oba­sy­nyň üs­tün­den uçar­da bar­ýar­ka, kär­de­şi­ne ba­kyp şeý­le di­ýip­dir:
– Obaň go­la­ýyn­da­ky to­ka­ýyň için­den akyp geç­ýän der­ýa­nyň gö­zel­li­gi­ne bir se­ret­se­ne. Men şol der­ýa­ny al­kym­lap otu­ran oba­da önüp-ös­düm. Ol ýer me­niň dog­duk de­päm. Ça­ga­ly­gy­my­zyň ala­ba­ha­ryn­da dost­la­ry­myz bi­len şol der­ýa­da su­wa dü­şer­dik, ba­lyk tu­tar­dyk. Şol dö­wür­ler ba­lyk tut­mak me­niň iň go­wy gör­ýän güý­men­jäm­di. Şol ýyllarda üs­tü­miz­dä­ki ma­wy as­man­dan uçar­lar uçup geç­ýär­di. Şon­da men uçar­man bol­ma­gy ar­zuw ed­ýär­dim. Hä­zir me­niň ar­zuw­la­rym ha­syl bol­dy. In­di her ge­zek oba­myň go­la­ýyn­da­ky to­kaý­dan akyp geç­ýän der­ýa­nyň üs­tün­den uçup ge­çe­nim­de, pen­si­ýa çy­ka­nym­dan soň, ýe­ne-de şol gün­le­re do­la­nyp, ba­lyk tut­ma­ga git­me­gi ar­zuw ed­ýä­rin.

Al­gyr
Bir ge­zek der­ýa­nyň ke­na­ryn­da­ky ga­ýa­lar­da ýa­şa­ýan al­gy­ra uly ba­ly­gy awlamak ba­şar­dyp­dyr. Mu­ny gö­ren gar­ga­la­ryň ýüz­ler­çe­si içiň­den ge­çip bar­ýan ga­gyl­dy­la­ry bi­len al­gy­ryň yzyn­dan eňip­dir­ler. Al­gyr gör­gü­li haý­sy ta­ra­pa ýö­nel­se, gar­ga­lar hem onuň yzyn­dan gal­man­dyr.
Ahyr­so­ňy kow­gu­dan ýa­dan guş pen­je­si­ni açyp, awu­ny aşak taş­lap­dyr. Şoba­da gar­ga­lar onuň yzy­na düş­mek­le­ri­ni bes edip, ýe­re ga­çan ba­ly­ga to­pu­lyp­dyr­lar.
Kow­gu­dan ha­lys bo­lan ýaň­ky al­gyr de­mi­ni dür­se­mek üçin ga­ýa­nyň ker­ti­ne go­nup­dyr. Ol bu ra­hat­lyk­dan lez­zet alyp, öz ýa­nyn­dan şeý­le di­ýip­dir: «Bu ba­lyk me­niň bar ra­hat­ly­gy­my boz­dy. Ony taş­la­dy­mam we­lin, der­rew me­ni öz gü­nü­me goý­du­lar»…
Yn­san haýsy-da bolsa, bir gymmatlygy elinde saklaýarka, ala­da­ly dur­muş­da ýa­şa­ma­ga mej­bur bol­ýar. Ha­çan-da, adam özü­ni yn­ja­lyk­syz ed­ýän is­leg­le­rin­den el çe­ken­de, kal­by aram ta­pyp, ra­hat­ly­ga go­wuş­ýar.

Rus di­lin­den ter­ji­me eden
Rah­man Kö­me­kow, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.